Synp ýolbaşÇysynyň okuwçylara bolan gatnaşygynda pedagogik ökdeligiň Ähmiýeti


Okuw tutumyna bitewilikde çemeleşmek nazaryýeti esasynda onuň usullarynyň üç topary ýüze çykarylýar


Download 74.88 Kb.
bet6/17
Sana05.01.2022
Hajmi74.88 Kb.
#219541
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   17
Bog'liq
Rejepbaýewa Gülnur kurs işi

Okuw tutumyna bitewilikde çemeleşmek nazaryýeti esasynda onuň usullarynyň üç topary ýüze çykarylýar:

1.Okuw-akyl ýetiriş işiniň guralyş we amala aşyrylyş usullary: söz üsti, aýdyň-görkezme we amaly; böleklikden umumylyga-induktiw we umumylykdan böleklige-deduktiw; gaýtadan dikeldiji-reproduktiw we mesele-agtaryş, hem-de özbaşdak iş usullary;

2.Höweslendiriji we meýillendiriji usullar: okamaga höwes, okaýyşda borç we jogapkärçilik duýgusy;

3.Gözegçilik we öz-özüňe gözegçilik usullary: sesli, ýazuw we tejribehana laboratoriýa-tejribelikleri.

Okadylyşyň usullarynyň bölümlere bölünişiň beýleki görnüşleri-de bardyr. Olaryň ählisi işjeň däl bilim-düşünjeleri işjeňlige öwürmeklige, täze bilimleriň özleşdirilmegine we amalyýetde ulanylmagyna ýardam etmeklige niýetlenendir.

1.Döwletimiziňbilim ulgamyny, pedogika ylmyny syýasy, ykdysady, sosial ösüşleriň esasynda kesgitlemek;

2.Türkmen ruhly, dünýä ösüşlerini göz öňünde tutmak;

3.Mugallymyň jemgyýetdäki ornuny kesgitlemek;

4.Çaga psihologiýasyny öwrenmek, öz pikirini beýan edip bilmegini gazanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak;

5.Edep-terbiýäniň durmuşyň talap edişi ýaly ýola goýmak;

6.Döwletiň alyp barýan syýasatyny düşündirmek, köne pikirlerden saplanmak, Ata Watanymyza, taryhymyza, dilimize, edebiýata bolan söýgüni ösdürmek, doganlyk-dostluk, medeni we ruhy gymmatlyklary kämilleşdirmek;

7.Özbaşdak öwrenmek, öwrenilen bilimi il-ýurdyň bähbidi üçin peýdalanmak, hünär saýlap almak, dünýä derejesinde bilimli bolmak, häzirki zaman tehniki serişdelerden we kompýuterlerden peýdalanmany başarmak;

Özbegistanyň bilim ulgamy-şu günki gün okuw mekdepleriniň ählisini, terbiýeçilik, ylmy-usuly edaralary, dolandyryş edaralarynyň jemini özüne birikdirýär. Oňa: mekdebe çenli terbiýeçilik edaralary, umumy bilim berýän orta mekdepler, ýörite orta we ýokary mekdepleri degişlidir.

    Türkmenistanda ilatyň 1,5 mln gowragy çagalar hem ýaşlardyr. Olaryň 405 müňe golaýy mekdep ýaşyna çenli çagalar, 860 müňi mekdep okuwçylary, 40 müňden gowragy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.


Download 74.88 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   17




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling