Okatmagy bilimleri özleşdirmegiň çeşmesi boýunça bölümlere bölmek has giň ýaýrandyr. Oňa laýyklykda: söz üsti usullar (çeşmesi -sesli ýa-da ýazmaça söz); aýdyň-görkezme usullary (çeşmesi synlanylýan zatlar, hadysalar, aýdyň gollanmalar); amaly usullar.
Okatmagyň usullary we tärleriniň toparlara bölünişi. Belli bir döwürde söz üsti usullar bilim bermegiň ýeke-täk diýen ýaly usulydy. Hertaraplaýyn ösüşiň tarapdary bolan pedagoglar (Ýa.Kominskiý we beýl.) bu tutumyň birtaraplaýynlygyny görkezip, üstüniň beýleki usullar bilen ýetirilmek zerurlygyny nygtap-çykyş etdiler. Häzirki wagtda söz üsti usuly köplenç könelişen, "işjeň däl" hasaplaýarlar. Ýöne onuň mümkinçiligine obýektiw baha berilmelidir. Söz üsti usullar örän gysga wagtyň dowamynda uly göwrümdäki maglumaty okaýana geçirip, onuň öňünde meseleler goýup, olaryň çözlüş usullaryny salgy bermäge mümkinçilik berýär. Söz hyýaly, ýady we duýgyny işjeňleşdirýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |