Synp ýolbaşÇysynyň okuwçylara bolan gatnaşygynda pedagogik ökdeligiň Ähmiýeti
Bilim berşiň we terbiýäniň maksady. Bilim berşiň we terbiýäniň baş maksady ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr
Download 74.88 Kb.
|
Rejepbaýewa Gülnur kurs işi
- Bu sahifa navigatsiya:
- Terbiýäniň we bilim berşiň maksatlarynyň amala aşyrylyşyna pedagogikanyň tutumy diýilýär.
- Hut şol sebäpli şahsyýeti kemala getirmek we ony terbiýelemek günüň esasy meselesi bolup durýar.
- Terbiýäniň ýokary mekdepde amala aşyrylyşynyň esasy wezipeleriniň biri talyp ýaşlary taýýarlamaklygyň ahlak, akyl, raýat däplerini dikeltmekdir.
Bilim berşiň we terbiýäniň maksady. Bilim berşiň we terbiýäniň baş maksady ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Häzirki döwürde-pedagogika birnäçe çylşyrymly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar: okaýana diňe bilim öwretmek bilen çäklenmän, olary ynsanperwer gymmatlyklara ugrukdyrmak zerurlygy; bu adama esasy gymmatlyk hökmünde seredilýän nazaryýet bilen baglanyşyklydyr; talyp ýaşlary barlyk hakykatyna uýgunlaşdyrmak; ähli öndürijilikli işiň, akyl we estetiki ösüşiň, işjeňligiň we ugurtapyjylygyň esasy hökmünde ahlak-etiki gymmatlyklary döretmek.
Terbiýe ulgamynyň aňyýet esasy, pedagogik nusgasy adamzadyň köp asyrlyk tejribesinde gazanylan ynsanperwerlik düzgünleribolmalydyr. Ynsanperwerlik ilkinji nobatda adamyň adamçylygydyr: adamlara söýgi, ýokary geçirimlilik we sypaýçylyk, şahsyýetiň mertebesini hormatlamak. Ynsanperwerlik nazaryýeti adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplap, ony özüniň dünýägaraýyş ugrukmasynyň merkezinde goýýar. Terbiýeçilik tutumynda ynsanperwerlik düzgünleri umumy adamzat gymmatlyklarynda amala aşyrylýar. Bu gymmatlyklar adamlaryň özüni alyp barşynyň ähli ahlak düzgünlerinde şöhlelendirilip, öz gözbaşyny "öldürme", "ogurlyk etme", "zyna kowalaşma" ýaly dini-ahlak sargytlardan alyp gaýdýar. "Beýik Alla öz keramatly emri bilen Nuh pygambere birnäçe mukaddes sahypalary inderdi. Nuh pygamber olary neberelerine ýaýratdy. Mukaddes sahypalaryň mazmuny şulardan ybarat: "Ahlak arassalygy".Ynsanperwer nusgalar bilen baglanyşyklykda okuw-terbiýeçiIik işiniň esasy maksady şahsyýetiň öz-özüni amala aşyrmagy üçin şertler döretmekdir. Taryhy şertler we hakyky durmuşyň düzgünleri häzirki zaman ýaşlarynyň umumy we özboluşly şahsy sypatlaryny kesgitleýär. Ýaşlaryň belli bir böleginiň medeniýeti bilim-sowatlylygyndan asgynrak gelýär. Medeniýeti terbiýelemek islendik hünär işiniň içki düzüjisi hökmünde şahsyýeti kemala getirişiň maksadyna goşulýar. Terbiýäniň maksady ol ýa-da beýleki jemgyýetiň öňe sürýän aňyýet we gymmatlyk ugrukmalary bilen kesgitlenýär. Oňa ýetmek üçin okuw tutumyny bilim berşiň ähli derejelerinde üýtgedip gurmalydyr. Terbiýäniň we bilim berşiň maksatlarynyň amala aşyrylyşyna pedagogikanyň tutumy diýilýär. Bu tutumda okatmagyň mazmunyna däl-de, täze pedagogik ulgamyň bitewi mazmunly nazaryýetini döretmeklige, şahsyýetara gatnaşyklaryny kemala getirmeklige ähmiýet berlip, bular öz gezeginde ösüşiň amatly şertini we duýgy-ahlak terbiýäni üpjün edýär. Hut şol sebäpli şahsyýeti kemala getirmek we ony terbiýelemek günüň esasy meselesi bolup durýar. Ýokary okuw mekdebinde bilim beriş tutumynda hünärmeniň şahsyýetini kemala getirmek dogrusynda näme aýtmak bolar? Hünärmeniň şahsyýetini ilki başdan kemala getirmegiň esasy şertleriniň biri talybyň hünär özleşdirmek we ýokary bilim barada diplom almak isleginiň onuň bilim özleşdirmeklige zerur psihofiziki mümkinçilikleri we olary geljekki işinde ulanmak ukyplary bilen gabatlaşmagydyr. Diňe bu şertleriň toplumy hünärmeni taýýarlamaklygyň netijeliligini üpjün edip biler. Başgaça aýdanyňda şol bir hünärmeniň beýleki hünärmenden şahsy aýratynlyklaryny-dogabitdi mümkinçiliklerini ýa-da hünäre zerur pikirlenme özboluşlyklaryny ýüze çykarmaklyk, bu işiň esasy düzüjisi bolup durýar. Aýdaly, fizika we matematikanyň amaly ugrunyň hünärmenleri logiki pikirlenme, nazary we obrazly pikir ýöretme ýaly häsiýetleri özünde jemlemeli bolsa, psiholog hünärmenine synçylyk, garşydaşyň içki dünýäsine aralaşyp bilmeklik we täsir etmeklik ýaly sypatlar mahsusdyr. Ähli bilim beriş ulgamynyň mazmuny we gurluşy hünärmenlere zerur bolan häsiýetleri üstünlikli kemala getirmäge hertaraplaýyn ýardam etmelidir. Bazar ykdysadyýeti hünärmen taýýarlygynyň hiline täze talaplar bildirýär. Terbiýäniň ýokary mekdepde amala aşyrylyşynyň esasy wezipeleriniň biri talyp ýaşlary taýýarlamaklygyň ahlak, akyl, raýat däplerini dikeltmekdir. Jemgyýetiň ruhy ýagdaýy hut olaryň hünärmen işine baglydyr. Şeýle hünärmeni terbiýelemek üçin okuw tutumynda mugallymyň orny dogrusynda onuň medeni we duýgy-emosional düzüjilerini baýlaşdyryp biljek täze aňyýetler zerurdyr. Talyplaryň medeni derejeleriniň seljerilişi okuw-terbiýeçilik işini hil taýdan täze derejelere götermelidigini görkezýär. Bu babatda Hormatly Prezidentimiziñ her bir talybyň öz hünäriniň ýanyndan iň bolmanda bir guralda saz çalyp bilmegi talaby hemmä mälimdir. Bu maksadyň amal edilmegi okadylyşyň ynsanperwerleşdirilişini we hünärmenleşdirilişini güýçlendirmek bilen çäklenmän, bilim beriş ulgamyny aýratyn hünäriň ýa-da şahsyýetiň bähbidini arap däl-de, tutuş jemgyýetiň isleglerini göz öňünde tutup nazaryýet esasy jähetden üýtgedip gurmaklyk bilen baglanyşyklydyr. Download 74.88 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
ma'muriyatiga murojaat qiling