Synp ýolbaşÇysynyň okuwçylara bolan gatnaşygynda pedagogik ökdeligiň Ähmiýeti


Download 74.88 Kb.
bet13/17
Sana05.01.2022
Hajmi74.88 Kb.
#219541
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   17
Bog'liq
Rejepbaýewa Gülnur kurs işi

7. Ekologik terbiýe-ekologik medeniýeti terbiýelemek, daşky gurşawda ýüze çykýan hadysalary bahalandyryp bilmek.

8. Ykdysady terbiýe-döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşini, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşişini, pul we haryt gatnaşyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.

    III. Terbiýe we okatmak esasan şu aşakdaky meseleleri çözýär: l.Okatmak mazmun taýdan tapawutlanýar, ylmyň haýsy-da bolsa bir ugruna degişli düşünjeleri, kanunlary, düzgünleri öwrenýär. Terbiýäniň mazmuny-jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, adamlaryň özara gatnaşyklaryny, däp-dessurlary, edebi, ynamy terbiýelemäge gönükdirilendir. 2.Okatmak hem terbiýelenip kemala gelýän şahsyýetiň aňyna, işine, garaýyşlaryna, erkine, duýgularyna, täsir etmek bilen umumy ösüşi üpjün edýär. 3.Okatmakda görnüş (forma) hökmünde sapak, umumy okuw, tejribe sapaklary, synag geçirmek, söhbet sapaklary, zähmet okuwy we beý., terbiýede-köpçülikleýin işlere gatnaşmak, dürli görnüşli tabşyryklar, jemgyýete peýdaly zähmete gatnaşmak, özbaşdak terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşyklydyr. 4.Okatmakda öňdebaryjy wezipäni mugallym ýerine ýetirýän bolsa, terbiýede köp zat toparyň özüne we ony emele getirýän agzalaryna baglydyr. 5.Okatmak we terbiýe bellenilen we tassyklanan meýilnama laýyklykda alynyp barylýar. 6.Terbiýede köp zat jemgyýetçilik gurluşyna we gatnaşyklaryna baglydyr. 7.Okuwda we terbiýede peýdalanylýan usullardyr, serişdeler biri-birinden tapawutlanýarlar. 8.Okuwda her bir iş bahalandyrylýar, terbiýede bolsa umumy esasda baha goýulýar.

    IV a)Maşala terbiýesine girişmezden öňürti maşgalanyñ taryhy taýdan gelip çykyşy we onuň görnüşlerine seredip geçeliň: 1.Ýönekeý maşgala- ata-eneden we çagalardan ybaratdyr. 2.Çylşyrymly maşgala- 3 döwrüň adamlaryny özünde jemleýär. 3.Doly däl maşgala-haýsyda bolsa ata-enäniň biri ýok halaty.


Download 74.88 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   17




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling