Synp ýolbaşÇysynyň okuwçylara bolan gatnaşygynda pedagogik ökdeligiň Ähmiýeti


Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň psihologiýasy


Download 74.88 Kb.
bet15/17
Sana05.01.2022
Hajmi74.88 Kb.
#219541
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   17
Bog'liq
Rejepbaýewa Gülnur kurs işi

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň psihologiýasy.
1. Ýuridiki psihologiýada kämillik ýaşyna ýetmedikleriň aýratynlyklary.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýatçylykly hereketleri daşky gurşawyň we kämillik ýaşyna ýetmedigiň öz şahsyýetiniň otrisatel faktorlarynyň özara täsiri bilen baglanyşyklydyr. Köplenç jenaýaty “terbiýelemesi kyn ýetginjekler” diýilip atlandyrylýanlar amala aşyrýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuk bozmalarynyň öwrenilmeginiň görkezişi ýaly, ýetginjek köplenç jenaýaty deňduşlarynyň ýa-da uly adamlaryň gös-göni täsiri astynda , toparyň basyşyna boýun bolmaklyk ýagdaýynda amala aşyrýar. |eýle ýetginjekleriň köpvsiniň şahsyýet gurluşynda otrisatel sypatlar agalyk edýär: ýaltalyk, erksizlik, jogapkärsizlik, konformizmlyk, agressiwlilik we ş.m. “Terbiýelemesi kyn bolan” ýetginjekleriň şahsyýetiniň kemala gelmekligiň esasy şerti otrisatel maşgala ýagdaýy bolup durýar, ata-eneleriniň ýa-da garyndaşlarynyň arakhorlygy, olaryň ahlaksyz özlerini alyp baryşlary we ş.m. Emma ony söýýän we oňa ähli gowulyklary arzuw edýän, ýöne ýeterlik pedagogiki medeniýete eýe bolmadyk ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedikleriň daş-töwereginden ýoýulan ahlak ýagdaýyny döredýärler.

Terbiýelemesi kyn bolan ýetginjekleriň okuwa bolan gatnaşygy otrisatel häsiýetde bolýar, hem-de öz bähbitlerini klas, mekdep kollektiwiniň bähbitlerine garşy goýýar. Mekdep kollektiwinde özvni tapmadyklar (olar bilen otrisatel gatnaşykda bolanlygy sebäpli) köplenç ýagdaýda hukuk bozujy ýetginjekleriň hataryna dvşýärler.

Şeýlelikde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jemgyýete garşy özvni alyp baryşlary özara şertlenen birnäçe faktorlaryň täsirinde, birinji nobatda daşky sosial gurşawyň (aýratynda mikrogurşawyň) şeýle hem dvrli “durmuş şowsuzlyklaryna” ony indiwidual jogap bermekligi şertlendirýän ýetginjegiň şahsyýetiniň indiwidual aýratynlyklarydyr.

{etginjeklik ýaşy (11-15 ýaş) geçiş döwri bolup durýandyr, esasanam biologiki manyda, sebäbi bu ýaşda jynsy taýdan ýetişmeklik bolup, ol organizmiň beýleki biologiki ulgamlary bilen paralel kemala gelýändirler. Planda sosial ýetginjeklik fazasy-bu başlangyç sosializasiýanyň dowamydyr. Adat bolşy ýaly bu ýaşdaky ähli ýetginjekler –mekdep okuwçylarydyr. {etginjegiň jemgyýetçilik orny çaganyňkydan onçakly tapawutlanyp barmaýar. Bu ýaş psihologiki taýdan juda gapma-garşylyklydyr. |eýlelikde hem adaty bolan ýaş konfliktleri we ýetginjegiň özvni aňlaýşynda olaryň výtgedilmegi bolup geçýär.

Çagalyk we ululygyň arasynda duran ýigitlik ýaşy (14-18 ýaş) öz ýanyndan “vçvnji dvnýä” hökmvnde çykyş edýär. Biologiki tarapdan bu döwvr-fiziki ýetişmekligiň gutarmaklyk döwvridir. {igitlik-bu başlangyç sosializasiýany tamamlaýan döwrvdir. {igitligiň jemgyýetçilik ornunyň aralyk ýagdaýy onuň psihikasynyň aýratynlygyny hem kesgitleýär. Onuň öňvnde durmuşda öz ornuny tapmaklygyň sosial we şahsy meseleleri durýar, onda ululardan dvýbvnden özbaşdaklyk däl-de, ulularyň dvnýäsinde öz ornuňy kesgitlemek we dogry baş alyp çykmaklygy aňladýar.

Özvňi alyp barşyň ahlak we hukuk kadalaryny özleşdirmeklik prosesi ýetginjeklik döwri 14-16 ýaşlarda tamamlanýar. Bu ýagdaýy jenaýat kanunynda göz öňvne tutulandyr, ýagny 14 ýaşdan bölekleýin we 16 ýaşdan ähli jenaýatlar vçin doly jenaýat jogapkärçiligine çekilmekligidir.

Terbiýelemesi kyn ýetginjekleriň şahsyýeti, adat bolşy ýaly, sosializasiýasy pes derejede häsiýetlendirilýär we onuň terbiýesinde vç sany esasy tarapy boýunça ýetmezçiligini we kemçiligini şöhlelendirýär: maşgalada, mekdepde we önvmçilikde. Başga bir tarapyndan terbiýelemesi kyn ýetginjegiň şahsyýetine aýratyn ýagdaýlar uly täsirini ýetirýär-köçe, otrisatel gönvkdirilen köçe toparlary.

Terbiýelemesi kyn bolan ýetginjeklere ilkinji nobatda negatiwizm hökmvnde we dvrli görnvşli sebäpler bilen şertlenen pedagogiki we sosial goraglylygyň çäginden daşyna çykýan pedagogiki täsire garşylyk görkezmekligine dvşvnilýär.

Ulular, ata-eneler we mugallymlar bilen dartgynly (konfliktli) gatnaşyklar köplenç ýagdaýda ýetginjeklik döwrvnde ývze çykýar we diňe bir organiki výtgeşmeler bilen dvşvndirilmän, eýsem, ýetginjegiň ulular we deňduşlary bilen gatnaşygynyň ähli ulgamy výtgeýär. {etginjegiň ulularyň täsirinden we baha bermeklerinden azat bolmaklyga ymtylmaklyk ata-enelerine we mugallymlaryna bolan gatnaşyklarynda juda tankydy bolmaklygy bilen olaryň ýetmezçiliklerine vns berip we ýiti duýup başlamaklygy bilen ulularyň pikirlerine we maslahatlaryna ikirjiňlenmekligi bilen ývze çykýar. {etginjeklik döwrvniň krizisligi (geçiş döwvr) onuň azda-kände kriminallaşmaga meýillilikde ývze çykmaklygy, ýagny ýetginjegiň öz deňduşlary bilen gatnaşygynyň täzeden gurulmaklygynda bolup geçýär. Onuň vçin bu döwvrde öz deňduşlary bilen aragatnaşyk saklamaklygyň ýokary zerurlygy, olaryň gurşawynda özvňi ykrar etdirmeklige ymtylmaklyk deňduşlarynyň garaýyşlaryna ýiti duýgurlygy bilen häsiýetlenýändir.

Ýetginjeklik döwrvnde öz-özvňi aňlamaklyk, özvňe baha bermekligiň şahsyýetiň dvýbvniň tutulmaklygynda esasy rol oýnaýan şahsy özvňi kesgitlemeklik we öz-özvňi sazlamaklyk prosesinde bellemeklik gerekdir.

Özüňe baha bermeklik, öz-özvňi aňlamaklygyň döremekligi ilki bilen, aragatnaşykda özvňe meňzeşler bile işjeň özara hereket prosesinde bolup geçýär.




Download 74.88 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   17




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling