Söz üsti usullara beýanet-umumy okuw, gürrüň bermek, söhbet, çekişme, kitap bilen işlemek degişlidir. ÝOM-de kitap we okuw gollanmalary bilen işlemek okadylyşyň möhüm usulydyr. Çap edilen çeşmeler bilen özbaşdak işlemegiň birnäçe tärleri bardyr. Olaryň arasynda: ýazga geçirmek-konspekt, okalany gysga ýazmaça beýan etmek; tekstiň meýilnamasyny düzmek; nutuklaşdyrmak-okalanyň esasy pikirlerini gysga beýan etmek, çykgytlar almak, tekstden gös-göni bölekler almak; annotirlemek-jemlemek-okalany onuň düýpli manysyny ýitirmezden gysgaça beýan etmek; syn ýazmak-okalana öz garaýyş-gatnaşygyňy gysga aňlatmak; resmi-mantyk (logiki) nusga döretmek-okalany söz-ülňüleýin şekillendirmek; mowzuglaýyn tezaurusy-mowzug boýunça özeni jemleýji düşünjeleriň kadalaşdyrylan toplumyny döretmek: aňyýetleriň matrisasyny-dürli awtorlaryň işlerindäki birmeňzeş zatlaryň we hadysalaryň deňeşdirme häsiýetnamasyny döretmek tapawutlandyrylýar.
Söz üsti usullar bilen baglanyşyklykda aýdyň-görkeziş usullary ulanylyp, olar hem öz gezeginde aýdyňlaşdyrma-illýustraslyga (aýdyň-görkeziş gollanmalary görkezmek) we demonstratiw (enjamlar, tejribeler, tehniki abzallar, kinofilmler) görnüşlere bölünýär.
Täze tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy (telewideniýe, wideomagnitofon, kompýuter) aýdyň-görkezme usullarynyň mümkinçiligini giňeldýär.
Ouml;zbaşdaklyk derejesi boýunça aşakdaky gönükmeler tapawutlandyrylýar: a)gaýtadan dikeldiji (özleşdirileni berkitmek üçin); b)türgenleşdiriji (bilimleri täze şertlerde ulanmak maksady bilen).
Bu topardaky usullaryň esasy maksady amaly hereketleriň esasynda maglumatlar almakdyr. Käbir alymlar bu topara didaktiki oýunlar usulyny-da goşýarlar. Olaryň esasy düzüjilerine: okuw işiniň nusgalaşdyrylýan obýekti; oýna gatnaşyjylaryň bilelikdäki işi; oýnuň düzgünleri; üýtgeýän şertlerde netijä gelmek; ulanylýan çözlüşiň netijeliligi degişlidir. Oýnuň tehnologiýasy-bu meseleleýin okatmagyň tehnologiýasydyr. Onda maglumat daşdan gelip gowuşmaýanlygy üçin akyl ýetiriş işi öz-özi hereketlenýän, işiň hut öz içki önümi bolup durýar. Alnan maglumat täzesini döredip, bu üznüksiz hereket tä ahyrky netijä alynýança dowam edýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |