II.a)Terbiýänin maksady: çeh pedagogy Ý.A.Komenskiniň pikiriçe, terbiýe 3 maksada ýetmäge gönükdirilmelidir: -özüňi we daşky dünýäni öwrenmek (akyl terbiýesi); -öz-özüňi dolandyrmak (ahlak terbiýesi):
-Hudaýa ynanmak (dini terbiýe). Iňlis filosofy Jon Logyň pikiriçe terbiýäniň esasy maksady jentilmeni “öz işini akylly-başly alyp baryp bilýän” adamy terbiýelemekdir. Fransuz filosofy K.Gelwesiý terbiýäniň öňünde ýeke-täk maksat bolmaly, ol hem bolsa jemgyýetiň ösmegine gönükdirilmelidir diýýär. Ž.Ž.Russo “Terbiýäniň maksady-adamy döretmekdir”, K.D.Uşinskiý “terbiýäniň esasy maksady-ahlak sypatlaryny terbiýelemekdir” diýip belleýär. Umumylaşdyryp alsak, onda terbiýäniň maksatlary şulardan ybaratdyr:
l.Ýaşuly nesliň durmuş tejribesini öwrenmek we döredijilikli peýdalanmak. 2.Teribäniň üsti bilen adamyň özüni alyp barşyny, dünýägaraýşyny kämilleşdirmek. 3.Ösýän şahsyýetlere maksadalaýyk yzygiderli täsir etmek. 4.Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, kadalaryny kemala getirmek. 5.Jemgyýetçilik we zähmet işjeňligini ýola goýmak. 6.Täze jemgyýeti gurmaga işjeň gatnaşmaklygy gazanmak. 7.Umumy adamzat gymmatlyklaryny öwrenmek we geljekde oňa goşant goşmagy gazanmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |