Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet27/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Tekstdäki sada eýeleri görkeziň, olaryň haýsy söz toparlaryndan ýasalandygyny aýdyň.

Sen miras almakdan ötri ata-enäniň ölümini dileme- gin. Olaryň rysgy arkaly rysga eýe bolup hereket etme-
gin. Senden haky ýagşyrak adama bahyllyk bilen gara- magyn. Malsyzlykdan garyp bolsaň hem baý bolmaga jan et. Sebäbi mal bilen baý bolandan akyl bilen baý bolan ýagşydyr. Akyl bilen mal toplap bolar, emma mal bilen akyl toplap bolmaz. Akmak ýigit tiz garyp düşer, bilgin! Akyl bir bahasyna ýetip bolmajak zatdyr. Ony ogry hem alyp gidip bilmez. Ol otda-da ýanmaz, suwda-da akmaz. («Kowusnama»).

  1. nji gönükme. Göçüriň. Goşma eýeleri tapyp, degişli so- raglary beriň.

1.Gaçanyny Gazan beg kowmady, aman diýenini öldür- medi («Gorkut ata»). 2. Pälwan aga ýaşlara maslahat be- rerdi. 3. Indi Şükür bagşy nobaty Oraza berdi (A.Aşyrow
«Könegüzer»). 4. B. Kerbabaýew Myraly we Soltansöýün hakdaky rowaýatlary halk arasyndan toplapdyr. 5. Türk- men dili – gadymy dildir. 6. Mämmetweli Keminäniň ady- na berilýän şorta sözler hem köpdür. 7. Gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar.

Eýäniň sintaktik derňew edilişi:


  1. Sozlemde eýäni tapmak

  2. Eýäniň gurluşy:

    1. sada eýe;

    2. goşma eýe.

  3. Eýäniň haýsy söz toparlaryndan ýasalandygyny ýüze çykarmak.

  4. Eýäniň sözlemdäki hyzmaty.




  1. nji gönükme. Içinde goşma eýesi bolan, özüňizden dört sany sözlem düzüň.

  2. nji gönükme. Sözlemleriň eýelerini tapyň. Göçüriň.

Eýeleri sintaktik taýdan derňäň.
1. Magtymguly Pyragy hemişe halkyň tarapdary bo- lupdyr. 2. Professor Mäti Kösäýew türkmen edebiýatynyň ody bilen girip, küli bilen çykýan hupbulwatan alymdy. (Gazetden). 3. Gorkut ata gylyjy ol ýigidiň biline baglady. («Gorkut ata»). 4. At öz islegi bilen däl-de, jylawyň çekiliş ugry boýunça çapýar. (Gazetden). 5. Merjen özüne ýar bo- lan kitaplaryndanam daşlaşyp barýardy. Näme üçindir olar soňky döwürlerde Merjeniň ýadyna düşenoklar. (Akmu- hammet Hemidow «Durmuşyň garaňky tarapy»). 6. Türk- menler Gorkut atany diňe bir ýazyjy, şahyr, bagşy diýip tanaman, ony aýdan zady hökman bolaýýan keramatly adam hökmünde tanapdyrlar. (M. Kösäýew «Edebiýat ba- rada söhbet»).



Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling