Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
njy gönükme. Göçüriň. Sözlemlerden eýäni tapyp, aşagyny bir çyzyk çyzyň.
Göz seretmekden doýmaz. Ot odundan doýmaz. Alym ylymdan doýmaz. Ýalta saçakdan doýmaz. Hannas zerden doýmaz. Zemin ýagmyrdan doýmaz. (A.Durdyýew «Ýa pelek»). nji gönükme. Göçüriň. Aşakdaky sözlemlerden eýäni tapyň. 1. Akylly dostuny öwer. (Nakyl). 2. Baýlyk bagt däldir. (A.Bugaýew «Köňül gözgüsi»). 3. Alymlar ýanynda söh- bet ýagşydyr. (Magtymguly). 4. Özbegistanda köp milletler ýaşaýar. 5. Myhman ataňdan uly. (Nakyl). 6. Men sport bi- len gyzyklanýaryn. 7. Ol köp çeper eserler okaýar. 8. Ara- dan birnäçe ýyllar geçýär. Indi Magtymgulynyň goşgu- laryny oba adamlary höwes bilen diňleýärler. (M.Kösäýew «Edebiýat barada söhbet»). § 12. SADA WE GOŞMA EÝE▲ Bir sözden ybarat bolan eýä sada eýe diýilýär. Meselem: Adamlar oňa geň galdy. Matematika – bu örän gyzykly ylym. Bu ýokardaky sözlemlerde adamlar, matematika sözleri bir sözden ybarat bolany sebäpli, olar sada eýedir. ▲ Birden köp sözden emele gelen eýä goşma eýe diýilýär. Goşma eýäni hasyl edýän sözler iki ýa-da üç söz- den ybarat bolsalar-da, olaryň hemmesi bir soraga jogap bolýarlar. Meselem: Türkmen halky myhmansöýer halkdyr. Adamyň ady, baş düşümde gelen familiýasy, lakamy, kesp-käri, garyndaşlyk aňladýan sözleri bilen gelende, tu- tuşlygyna goşma eýe bolýar. Meselem: Ybraýym Ýusupow – ussat şahyrdyr. Mämmetweli Ke- mine – şahandaz şahyr. Myrat aga Han küýlä hem käýedi, hem nesihat berdi (A. Durdyýew «Saýlanan eserler»). Edaralaryň, okuw jaýlarynyň, gazet-žurnallaryň goşma atlary sözlem içinde baş düşümde gelseler, olar goşma eýe bolýarlar. Meselem: Garagalpak döwlet uniwersiteti Garagalpagystanyň iň iri okuw jaýydyr. «Halk sözi» okyjylaryň eý göryän gazetidir. Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling