Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet25/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we baş agzalary tapyp, aşagyny çyzyň. Goşma sözlem bilen ýönekeý sözlemleri anyklaň.

Boz oglan öýlerine geldi. Atasy otagy bezäp, ýüpek halyçalar ýazdyryp oturdy, oglany hem sag ýanynda oturtdy. Emma oglan bu wakalar hakynda söz açmady. Be- zirgenler hem ýetip geldiler. Baş egip, salam berdiler. Olar görerler, hälki duşmanlaryň başyny kesen, ganyny döken oglan Baý Bugra begiň sagynda otyr. Bezirgenler geçip, oglanyň elini öpdüler.
(«Gorkut ata»).


§ 11. EÝE


▲ Sözlemde özi dogrusynda sözlenip, kim?, näme?, nire?, näçe? diýen soraglara jogap bolýan we habar ta- rapyndan aýyklanýan söze eýe diýilýär.


Eýe diňe baş düşümde gelip bilýär. Meselem:



  1. Myhman (kim?) ataňdan uly (nakyl).

  2. Gün (näme?) guşluga galdy (B.Hudaýnazarow

«Akar suwuň aýdymy»).

  1. Daşkent (nire?) gün-günden gözelleşýär.

  2. Ýigrimi bäş (näçe?) bäşe galyndysyz paýlanýar.

Ýokardaky myhman, Gün, Daşkent, ýigrimi bäş sözleri sözlemleriň eýesi bolup, olar baş düşümde gelipdirler.


Ýöňkeme goşulmalaryny kabul eden sözler sözlem için- de eýe bolup bilýär.
Meselem:

  1. Ejem ör-gökden gelip ýakasyna tüýkürdi. (B.H.

«A.s.a»).

  1. Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý şözüň ýokmudy?! (Nakyl).

  2. Süýji sözi adamlaryň göwnüne ýaraýardy (Gazet- den).

Ýokardaky has gara ýazylan sözler ýöňkeme goşulma- laryny kabul eden eýelerdir. -lar, -ler san goşulmalaryny kabul eden sözler hem eýe bolup bilýär.
Meselem:
Isgender, Jemşit saldyran,
Beýik binalar görner (Magtymguly).
Bu goşgy bendindäki has gara ýazylan eýe san goşul- masyny kabul eden baş düşümde gelen sözdendir.
Sözlemde eýäni tapmak, kä halatlarda kynçylyk döredýär. Şeýle kynçylyk dörände ilki sözlemiň habaryny tapmaly we oňa eýäniň soraglaryny bermeli. Şol soraga jo- gap bolan söz hem sözlemiň eýesi bolýar.
Meselem:
Özbegistan Respublikasynda Özbegistan Respublika- synyň Konstitusiýasy we onuň kanunlary ileri tutulýar.
Bu ýerde habar ileri tutulýar. Bu habara eýäniň soragyny berýäris: näme (nämesi?) ileri tutulýar? Konstitusiýasy, ka- nunlary ileri tutulýar. Diýmek, bu ýerde Konstitusiýasy, kanunlary diýen sözler sözlemiň eýesidir.

  1. njy gönükme. Teksti okaň. Sözlemiň eýesi bolup gelen sözleri ýüze çykaryň.

Muhammediň agtyklary, Alynyň we Patmanyň ogullary bolan Hasan we Hüseýin Orta we Kiçi Aziýada jebir çe- kenler hökmünde hormatlanýar, Muhammediň egindeşleri we keramatlylaryň hatarlaryna girýär. Olaryň mazarlary musulman ýurtlarynyň dürli ýerlerinde ýerleşýär. Weýsil Karan barada hem mifler giňden ýaýrandyr. Rowaýatlaryň birisinde Muhammediň uruşda bir dişini ýitirendigini eşidýär, ýöne haýsy dişidigini bilmeýär. Weýsil Karan Muhammet Pygamberden özüni artyk saýmazlyk üçin, ähli dişlerini aýyrdýar.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling