Turkm dili-7 2017. indd


§ 13. EÝÄNIŇ DÜRLI SÖZ TOPARLARYNDAN BOLŞY


Download 438.92 Kb.
bet28/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 13. EÝÄNIŇ DÜRLI SÖZ TOPARLARYNDAN BOLŞY


Sözlemiň eýesi aşakdaky söz toparlaryndan bolup bilýär:

  1. Atlardan: Beki degişmani gowy görýärdi. (H. Di- wangulyýew «Çuwal bagşy»). Aýallar bolsa derrew Baýram dagynyň yzyndan ylgaşyp ýetdiler. (A. Durdyýew

«Saýlanan eserler»).

  1. Sanlardan: On bäşimiz hem dogan ýaly bolduk. Okuwçylaryň ikisi göreldelidir.

  2. Çalyşmalardan: Olar ony meýdanyň ortasyna eltip goýberdiler. Kim surata düşjek?

  3. Işligiň nämälim şekilinden: Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny goramak hemmeleriň borjudyr. Okamak örän peýdalydy zat.

  4. Ortak işliklerden: Gezen – derýa, oturan gümra. (Nakyl). Giden getirer, oturan nyrh sorar. (Nakyl).

  5. Iş atlaryndan: Onuň goşgyny labyzly okaýşy hem- meleriň göwnünden turdy. Myradyň mähirli garaýşy çaga- lary özüne bendi etdi.

  6. At deregine gelen sypatlardan: Ylymly – zor, ylymsyz – hor (Nakyl).

  7. At deregine işligiň hökmanlyk şekilinden: Sylaglan- malylar öňe çykdylar.

  8. At deregine gelen ümlüklerden: Syrkawyň ah-wahy artyp ugrady.




  1. njy gönükme. Aşakdaky bölekleri göçürip, atlardan bo- lan eýeleriň aşagyny çyzyň.

  1. Dünýäde ilkinji aýdymy adamlar enäniň owazyndan alan bolsalar gerek (T. Jumageldiýew «Merwden Mekgä çenli»).

  2. Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar. (Nakyl).

  3. Obanyň üstüne çöküpdir agşam,

Gije ogurlapdyr belendi-pesi (G. Ezizow).

  1. Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr (Zelili).

  2. Ýaşlykda alnan bilim daşa oýulan nagyş ýalydyr. («Hadys»).

  3. Dil-bela, diş gala (Nakyl).

  4. Iň güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor (Matal).

  5. Bilim – ynsanyň gözüni açýar.





  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling