Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
§ 14. HABAR▲ Eýe dogrusynda bir zady habar berýän, eýe bara- daky pikiri gutaran görnüşe getirýän söze habar diýilýär. Habar eýäniň näme iş edýändigini, eýä degişli näme iş edilýändigini, eýäniň neneňsidigini, kim ýa nämedigini, tertip taýyndan näçenjidigini, nirededigini, eýäniň ornuny, nämeden edilendigini we ş.m. görkezýär. Meselem: 1.Bibiniň kakasy çopan. 2. Jereniň köýnegi ýaşyl. 3. Biz bu ýyl hem birinji. 4. Ol goşgyny labyzly okaýar. Ýokarda berlen sözlemleriň birinjisinde habar eýäniň näme iş edýändigini, ikinjisinde sypatyny, üçünjisinde or- nuny, dördünjisinde bolsa hereketi aňladyp geldi. Işligiň buýruk, zaman şekilleri, işlikleriň ýöňkeme go- şulmalary, kem işlikleri (habarlyk goşulmalary) habar aňlatmagyň morfologik serişdesidir. Habaryň düzümindäki degişlilik bildirýän ýöňkeme go- şulmasy sözlemde getirilmedik (sözlemiň daşyndaky) eýäni hem aňladyp bilýär. Bu jähtden ol iň esasy baş agzadyr. Mysal ücin, 1.Okadym. 2. Kitaby aldyňyz sözlemlerinde eýe getirilmedik bolsa-da, habaryň degişlilik aňladyşyndan birinji sözlemiň eýesiniň men, ikinjisiniň eýesiniň siz sö- züdigi belli bolýar. nji gönükme. Tekstden habar bolup gelen sözleri tapyň. Göçüreniňizde habaryň aşagyny çyzyň. Şerigat buýruklary dürli kitaplarda ýerleşdirilipdir. Şol buýruklaryň halka elýeterli bolmagy üçin, alymlar, şahyrlar öz döwründe örän uly iş edipdir, öz sözlerinde Şerigatyň iň möhüm buýruklaryny sada dil bilen halka düşündirmäge çalşypdyrlar. Bu hyzmata bizde Döwletmämmet-Azady pikir paýhasyny, uly zehinini sarp edipdir. Wepaýy hut şu meselä bagyşlap «Rownak-ul-yslam» atly ýörite kitap ýazypdyr. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda şerigatyň möhüm buýruklaryny beýan edipdir (Hudaýberdi Hally). nji gönükme. Habar bolup gelen sözleri tapyň. Olara haýsy goşulmalaryň goşulandygyny düşündiriň. Bagşynyň öz gözlerine gaty göwni ýetýärdi. Olar diýseň kesgirdi, çaly-çerkeziň düýbünde busup ýatan towşaný il- den öňürti görýärdi. Bagşy ýalňyşman eken. Ol zenan maşgala «Duraweriň!» diýen äheňde ças-lyrak gygyrdy-da, bulara bakan elesläp gaýtdy. Onuň başujun- daky ýelýyrtan ýaglygy agşamyň şemalyna galgap-galgap gidýärdi. Bu ahwalata haýran galan ýolagçylaryň saklanmakdan başga çykalgalary galmady. Günämi geçiň, atam. Meger, siz Hydyr ata bolmaly. Düýşümde gördüm. Ýeke galan balama rehim ediň. Ajalyň elinden almasaňyz, eňek atyp gidip barýar. Sowulyň bize. Egni sary giden biýz köýnekli, başy köneje ýaglykly hortap aýalyň ýüz keşbi onuň çekýän jebir-süteminden ha- bar berýärdi. Gözleri içine çöküşip gidipdir. (H.Diwangulyýew «Çuwal bagşy»). Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling