Turkm dili-7 2017. indd


nji gönükme. Mugallymdy, görsedi, geň galdy, düşün-


Download 438.92 Kb.
bet31/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Mugallymdy, görsedi, geň galdy, düşün- direrdi, boldy, bar sözlerini sözlemiň habary edip, özüňizden mysallar getiriň we depderiňize göçürin.

  • nji gönükme. Aşakdaky böleklerden habar bolup gelen sözleri tapyň we habaryň sözlemdäki hyzmatyny düsündiriň.

    Biz özümizden ululara salam berýäris. Ýaşulular bol- sa bize «Içiň-daşyň saglykmy?!» diýýärler. Bu sözlemdäki
    «saglykmy» diýen söz hemmämize düşnükli. Emma «içiň- daşyň» diýlen sözler bize düşnüksizdir.
    Elbetde, bu sözlemdäki, «içiň» diýlen – ogul, «daşyň» diýlen sözde – gyz toparyň nazarda tutulandyr.
    Diýmek, ýaşulular bizden «Ogul-gyz toparyň sag- lykmy?!» diýip, hal-ahwal soraýan eken.


    § 15. SADA WE GOŞMA HABAR


    ▲ Bir sözden bolan habara sada habar diyilýar. Meselem:
    Biz ata-enelerimiziň hojalyk işlerine kömekleşýäris. Amangül «Mugallymlar» gazetini okaýar. Sen Watany goramaga borçlusyň.
    ▲ Birden köp sözden emele gelen habara goşma habar
    diýilýär.
    Meselem:
    Biz garaşsyz döwletimiziň ýaşlar hakyndaky aladasyna iş bilen jogap bereris.
    Japbaklar Topbagyň sözüni makul bildiler (B. Ker- babaýew «Japbaklar»e.).
    Goşma habary hasyl edýän sözler sintaktik we many taýdan özara berk baglanyşýar, bir bitewilige emele getirýärler we bilelikde bir soraga jogap bolýarlar. Olary aýratynlykda alsaň onda sözlemden aňlanylýan pikir bulaşýar.
    Meselem:
    Japbaklar Topbagyň sözüni makul (?!). Japbaklar Topbagyň sözüni bildiler (?!).
    Mert menem ýoldan azaşdym, Arap, sen menmenlik etme.
    Gapyl bolup, gola düşdüm, Zaňňar, sen menmenlik etme.
    (Görogly eposyndan)



    1. nji gönükme. Sada we goşma habary tapyň.

    Halk arasynda şeýle rowaýat bar…
    Eziz han hakda ozalam köp eşidip ýören Jüneýit han ony ilkinji gezek görende, oňa göwnündäkini ýaňzydyp, şeýle diýenmiş: «Serdar, seniň nähili gowy ýaragyň bar eken! Donuňam gowy eken. Telpegiň hasam ajap eken!». Eziz han onuň näme diýjek bolýanyna düşunipdir, ýöne sesini çykarmandyr. Soňky gezek duşanlarynda, tejen- li serdar Jüneýit hanyň ýanyna sowgatly gelipdir. Ol özüniň iňlis mauzerini hem, kazak karabinini hem gysgan- mandyr, egnindäki agaç çäkmenini hem gysganmandyr. Ol hem tejenli hana kümüş uýanly ýomut atyny beripdir.
    «Telpegiň-ä dözmediň öýdýän? – Ýa-da düşünmediňmi? Telpegiň maňa beýleki zatlardan has gowy ýaraýardy».-
    «Telpek özümiňki, han aga – diýip, Eziz han gaba telpegini maňlaýyna süýşürip jogap berenmiş. – Ol meniň kellämiň bezegi. Telpegimi bersem, ertir sen meniň kellämi dilärsiň. Kellämi bolsa diňe telpegim bilen bile alyp bilersiň…» («Eziz han hakda hakykat» kitabyndan.)




    1. Download 438.92 Kb.

      Do'stlaringiz bilan baham:
  • 1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   100




    Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
    ma'muriyatiga murojaat qiling