Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet21/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 8. PAUZA WE INTONASIÝA


Pauza
▲ Pikiriň diňleýjä aýdyň we düşnükli ýetirilmegi üçin, sözleýişde gysgaça säginilýär. Sözlemde säginilmegi pau- zadyr.
Meselem:
Ony tutup// şäher häkiminiň ýanyna// eltipdirler.
Kä halatlarda sözlemde pauzanyň orny üýtgände, sözlemiň aňladýan manysy hem üýtgeýär.
Meselem:

    1. Gurban// ussany tanady.

    2. Gurban ussany// tanady.

Bu sözlemleri pauzany dogry ulanyp okasaňyz, onda olaryň dürli many aňladýandygyny bilersiňiz.


Intonasiýa


Sözlenýän wagty sözüň aýdylyş äheňi üýtgäp (kä pese- lip, kä ýokary galyp) durýar.

Belli bir sözüň, söz düzmüniň ýa-da sözlemiň degişli, gerekli äheňde aýdylmagyna intonasiýa diýilýär.

Meselem:
«Bä, bu nämekä?» diýip, bir-birimize seredişdik.


Bu sözlemiň ilkinji sözi has batly, soňky iki sözi batly, galanlary bolsa endigan aýdylýar.
Habar, sorag, ýüzlenme we sorag ýüzlenme sözlemle- rinde intonasiýa dürli-dürlüdir.

  1. nji gönükme. Pauzany, intonasiýany we logiki basymy dogry ulanyp okaň.

«Adamkärçiligiň oňat taraplary näme?» diýlen soraga kim wepalylyk, kim dogruçyllyk, kim kanagatlylyk, kim kaýyllyk diýip jogap berer. Hemmesi-de dogry. Meniň üstüne goşjagym: beren sözüniň eýesi bolmak, sözünde tapylmak.
Adamkärçiligiň iň erbet häsiýetleri diýlen soraga-da her kim bir hili jogap berer: Kezzaplyk, mekirlik, hilegärlik, ýalançylyk, haýýarlyk, görüplik, ikiýüzlülik we başgalar. Meniň üstüne goşjagym dostuňa, ýoldaşyňa müňkürlik et- mek. (H.Muhyýew «Ogullaryma pent»).

  1. nji gönükme. Pauzanyň we intonasiýanyň hyzmatyndan peýdalanyp okaň.

Balyklaryň suwsuz ýaşap bilmeýändiklerini her kim bilýändir. Şonuň üçin bize hem dünýäde ýaşamak üçin howa zerurdyr. Dem alanymyzda köne howany çykaryp täze howany ýuwudýarys. Howasyz ýaşamak mümkin däl. Köne we porsy suwda balygyň ölüşi ýaly howa ýaramaz bolsa adamlarda hem kesel döreýär. Şonuň üçin ýaşaýan jaýymyzda, esasan hem jaýyň içi- ni ýuwup durmak, ys we ş.m zatlardan päk saklamak zerurdyr. Wagty bilen penjiräni açyp, öýüň howasyny çalşyr-mak zerurdyr. Şonuň bilen birlikde, has yssy bol- madyk günde gezmek peýdalydyr. Öýüň kiçijikdigi sebäpli lampa, şem ýa-da adamlaryň demi bilen howa bozulsa, gapyny açyp howany täzelemeli. (Alymat ul-Bahot. «Edep- li bolmagyň syrlary»).

  1. njy gönükme. Pauzanyň we intonasiýanyň hyzmatyndan peýdalanyp okaň. Nokatlar we sorag belgisi goýlan sözleri or- fografik kada boýunça ýazyň.

Tagam iýmegiň ýeke bir edebi: köpç..lik bol..p, bir maşgala bol..p bir tabakdan nahar iý(?)lende, her kim öz öňünden iýmeli, gök-miwe ön..mleri iý(?)lende, saýlap iýseň hem hakyň bar. Maşgalada kim ýaşuly bolsa, şol ta- gama el urmazdan, beýlekiler el urmakdan saklanmaly. Ta- gam iýeniňde, biraz doýman goýmaly, bir nätanyş myhman bolsa, tagama ilki öý eýesi el uzatmaly, goýanda-da soň goýmaly. Ondan soň myhmanyň gol..ny ýuwd..rmaly sag eliň bilen bokurdagyndan tut..p, çep eliň bilen jüründigin- den tutsaň, myhman: «Edeplije çaga ekeni öm(?)ri uzak bolsun» diýip alkyş eder. (Gazetden.)


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling