Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet20/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Goşgyny okaň we ylalaşma, ýanaşma, eýerme ýoly bilen baglanyşan sözleri tapyň.



Har eýlär


(Gysgaldylyp alyndy)
Tekepbirlik eýläp, men-menlik etme, Il içinde ýagşy adyň har eýlär.
Ýamana ýanaşma, bir habar gatma, Habar gatsaň üstüň doly şer eýlär.
Dalda isläp ýalbarmagyn nadana,
Goý, ýyksyn goýbersin düýpsüz ummana Dünýä sygmaz, çişer otyr, hamana,
Öz ýanyndan öz-özüni şir eýlär.
Baýly diýer, bet işlerden çek eliň. Tä ölýänçäň ýaman görmesin iliň.
Ýagşy tutawergin niýetiň-päliň, Ýaman niýet gabryň gysar, dar eýlär.
(Baýly şahyr, XIX asyr)

Gaýtalamak üçin soraglar:


  1. Sözlemde sözleriň garaşsyz baglanyşyny düşündiriň.

  2. Sölemde sözleriň garaşly baglanyşynyň haýsy ýollary bar? Olary gowy seljerip bilýärmiziňiz?



§ 7. SÖZLEMDE LOGIKI BASYM


▲ Sözlemde bir sözüň beýleki sözlere garanda has be- lent heňde aýdylmagyna logiki basym diýilýär.
Sözlemde sözleýji haýsy sözüň nygtalýandygyny gör- kezjek bolanynda, logiki basymdan peýdalanylýar, ýagny ol şol nygtalmaly sözi belendräk aýdýar.
Meselem:
Aman mekdepden geldi.
Bu sözlemi aýry-aýry sözlere logiki basymy düşürmek bilen dürlüçe aýtmak bolar. Şu sözlemde Amanyň nireden gelendigini nygtajak bolsak, logiki basymy mekdepden sözüniň üstüne geçirmeli.

  1. nji gönükme. Logiki basymdan peýdalanyp okaň. Göçüriň. Logiki basym bilen aýdylýan sözleriň aşagyny çyzyň.

Söz bardyr – kesdirer başy, Söz bardyr – keser söweşi. Söz bardyr – awuly aşy Bal bilen ýag eýleýir.
(Ýunus Emre).

  1. njy gönükme. Logiki basymy has gara ýazylan sözle- re geçirip, aşakdaky sözlemleri daşyňyzdan okaň, soňra olary depderiňize göçüriň.




  1. - Türkmen dılı, 7-nji synp.

Aman zawodda işleýär. Zawodda Aman işleýär. Suraý okuwa ir gelýär. Suraý okuwa ir gelýär. Okuwa Suraý ir gelýär. Ol şäherden düýn geldi. Ol düýn şäherden geldi.



Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling