§ 6. SÖZLEMDE SÖZLERIŇ BAGLANYŞYGY
▲ Söz düzümleri we sözlemler sözleriň özara baglanyş- maklary netijesinde hasyl bolýarlar. Bu baglanyşygyň iki görnüşi bar:
Sözleriň baglanyşygy
Garaşsyz baglanyşyk Garaşly baglanyşyk
Garaşsyz baglanyşyk
Sözleriň deň hukukly baglanyşygyna garaşsyz bag- lanyşyk diýilýär.
Bu baglanyşyk deňdeş agzalarda, ýüz tutma sözlerde, tirkeş sözlerde bolýar.
Meselem:
Salam size, daýy, daýza, ini, agam! Oglan-uşak, uly kiçi, eşidiň, how!
Oçerk, hekaýa, powest – epik žanra degişlidir.
nji gönükme. Garaşsyz baglanyşan sözleri tapyň.
Ýedi asyrdan soň ata-babalarynyň mirasdüşerleriniň diline düşen beýik şahsiýetleriň: Ýunus Emre, Garajaog- lan we gaýrylaryň ruhy mirasy guwanmaga, buýsanmaga mynasypdyr.
Ýunus Emre her bir zatda ynsan oglunda söýgini oýarmaga, ýagny barlyga söýgi, gurmaga, döretmäge, bilmäge, dostluga, hupbul Watana hak-Huda söýgi oýarmaga dalaş eden beýik şahsyýet hökmünde türki halklaryň kalbynda ýaşaýar. Edil häzirki zamanda ynsan balasyna Ýunusyň ündew edýän söýgüsi howa ýaly gerek.
nji gönükme. Aşakdaky sözlemlerden garaşsyz baglany- şan sözleri tapyň we depderiňize göçüriň.
1. Aýlar bazardan ruçka, depder, galam, çyzgyç aldy. 2. Bu gün bize Gurban, Döwran, Diýar geldi.
Eý, Hudaý! Gam-teşwişden, hapalykdan, ejizlikden, ýalkawlykdan, bahyllykdan, gorkaklykdan, bergidarlykdan we horlukdan halas et diýip Senden pena dileýärin (!)5 (Hadys). 4. Men Hywadaky, Samarkantdaky, Buharadaky gadymy ýadygärlikleri gördüm. 5. Namartlar ýagşyny, pisi näbilsin. (Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: |