Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet18/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Özüňizden garaşsyz baglanyşyga degişli dört sany sözlem ýazyň.



II. Garaşly baglanyşyk


Garaşly baglanyşykda bir söz ikinji söze garaşly bolup, garaşly söz esasy sözi aýyklap gelýär.
Meselem:
Sagat dynuwsyz ýöreýärdi.
Bu sözlemde dynuwsyz ýöreýärdi sözleri özara biri-bir- lerine garaşly baglanyşykdadyr.
Ak kepderi. Sagadyň dili. Meniň kitabym. Bu söz dü- zümlerinde ak, sagadyň, meniň sözleri garaşly söz bolmak bilen, kepderi, dili, kitabym diýen esasy sözleri aýyklap geldiler.
Garaşly baglanyşykda garaşly sözler esasy sözlere aşak- daky üç ýol bilen baglanyşýarlar.
Ylalaşma ýoly



Garaşly baglanyşyk
Ýanaşma ýoly Eýerme ýoly

а) Ylalaşma ýoly arkaly baglanyşy
Garaşly sözüň esasy söz bilen san we ýöňkemede yla- laşmagyna ylalaşma ýoly arkaly baglanyşy diýilýär.
Meselem:
Men ir bilen geldim. Biz mekdepde ýaryş guradyk. Ýokardaky mysallarda sözlemiň baş agzalary ýöňke-
mede ylalaşyp geldiler. Aşakdaky mysallarda bolsa eýe we habar san taýyndan ylalaşýarlar.
Meselem:
Adamlar aýdym-saz diňlediler. Men kitaphanadan gyzykly kitap aldym.

  1. nji gönükme. Sözlemleri okap, eýe bilen habaryň sanda ylalaşýan we ylalaşmaýan ýagdaýlaryny aýdyp beriň.

1. Olar depeleriň astynda ýatyr. (T.Jumageldiýew
«Merwden Mekgä çenli»). 2. Olar ädigi Ependä görke- zipdirler. (Ependi). 3. Men örän köp kitaplary okadym. Adamlar onuň sözüne ynandy. 4. Sen ir bilen Orazlaryň öýüne gel! 5. Siz edebiýatdan goşgy okaň! 6. Okuwçylar mugallymyň aýdan sözüni diňledi.

  1. nji gönükme. Özüňizden garaşly baglanyşygyň ylalaşma ýoly bilen sözlem düzüň we depderiňize göçüriň.

b) Ýanaşma ýoly arkaly baglanyşy
Garaşly sözüň esasy söz bilen hiç hili söz üýtgediji goşulmasyz we kömekçi sözsüz diňe tertip taýyndan bag- lanyşyna ýanaşma ýoly arkaly baglanyşy diýilýär.

Meselem:
Biz şu ýyl olara bäş wagon üzüm, gawun-garpyz iber- mekçidiris.(H.Ysmaýylow «Powestlerden»). Agyr pikirler ýaş gelniň başyny aýlady.

  1. njy gönükme. Aşakdaky sözlemleri okaň we sözlemdäki sözleri ýanaşma ýoly arkaly baglanyşyny aýdyp beriň.

1. O ýylyň bahary biçak ýagynly bolupdy. Çölde ýaşyl ýylak dyzdan geçip, alaňlardaky kaklar ýagyş suwundan püre-pürlenipdi. (B.Hudaýnazarow «Akar suwuň aýdymy» e). 2. Agyr kerwen togtady. Aňyrdan gyr atyny debsiläp gelen başy şar gara silkme telpekli, bugdaý reňk ýüzli, egni ak ezýaka köýnekli, ýeňiljek çäkmenli, daýaw adam bularyň deňine gelip saklandy. (H. Diwangulyýew «Çuwal bagşy» r).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling