Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet19/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Tekstden sözleriň ýanaşma ýoly arkaly baglanyşyny tapyp, depderiňize göçüriň.

Dört pasyl içinde döwre gurap duran adam ömür telpegiňi aýlaýançaň keýigiň kölegesi ýaly bolup, geçip gidýär. Adamzadyň gaýtalanmajak welileriniň biri dana Magtymgulynyň:
Ömrüň geçip barýan ýazdyr bir sagat, Ne bolar bu ýazda eýleseň tagat.

  • diýip aýdyşy ýaly, bu berlen ömre kanagat, sabyr, ta- gat eden ýagşy. Adam üçin ele ilen altyn halka bu baky juwan, bu baky goja äleme inmekdir.

Ir zamanlar adamlar säher örenlerinde sag-aman tu- ranlaryna şatlanar ekenler. Ikindinaralar bolsa şol günüň gaýgy-gussasyna, şatlyk-baýramyna boýalyp, al şapaga garylyp batyp barýan Güne garap, «Ömrümiziň bir güni ötdi» diýip aglaşypdyrlar. (Amanmyrat Bugaýew «Köňül gözgüsi»).

  1. nji gönükme. Aşakdaky berlen sözleri ýanaşma bagla- nyşygynyň garaşly sözi edip, sözlem içinde getiriň we dep- deriňize göçüriň.

Birinji, beýik, bu, sada, gyzykly, asuda, täze, agzybir, arassa, ýedi, gök, mukaddes, dogry.
Nusga: Bu mukaddes toprak bizi ekleýär. ç) Eýerme ýoly arkaly baglanyşy
Garaşly sözüň esasy söze eýermegi bilen ýüze çykýan
baglanyşyga eýerme ýoly arkaly baglanyşy diýilýär.
Bu baglanyşykda garaşly söz esasy söze, onuň ta- lap etmegine görä, düşüm goşulmalarynyň ýa-da sözsoňy kömekçileriniň üsti bilen baglanyşýar.
Meselem: Enemiň dili munuň ýaly ýerde tüýs der- mandy. (A.Aşyrow «Men Çörliniň ogly»). Gawun bal ýaly süýjüdi (Gazetden).
Birinji mysaldaky olluk ýöňkemede gelen dili diýen esasy söz garaşly sözüniň (enemiň) eýelik düşümde gelme- gini talap edýär. Ikinji sözlemde bolsa bal garaşly söz ýaly kömekçisi arkaly esasy söze (süýjüdi) baglanýar.

  1. nji gönükme. Sözlemlerden sözleriň eýerme ýoly arkaly baglanyşyny tapyp, depderiňize göçüriň.

Indi habary Genjimbegden eşidiň. Päh, Genjimem neb- sine ejiz zaňňar. Ol sürüsinden bäş alty goýnuň ýok bo- lanyny eşidip, «Şondan hikmet ýetendir» diýip, Göroglynyň häremhanasyna baka ýörüberdi. Şol gaýdyşyna härem- hananyň agzyna baryp çök düşdi, başyna geýen ýapmaç, köne telpegini sömmerdip, şol öňküleri ýaly sögünip, la- gyrdap otyr…
Görogly beg agasynyň gylygyna ýetikdi. Genjimiň:
«Men senden gutulmanmy, öz alajyňy özüň görjek ýagdaýyň ýokmy?» diýen sözlerine Göroglynyň gulagy
öwrenişipdi. Emma bu sapar Genjimiň: «Arap gelip, Gü- lendam ýeňňeňi äkitdi, ol namysyň o ýanda ýatyr» diýen sözi Göroglynyň ynjalygyny bozdy. («Görogly»).

  1. nji gönükme. Sözlemlerden garaşly sözüň bir esasy söze baglanyp gelenlerini tapyň we göçüreniňizde olary peýkam çyzyklar bilen belgiläň.

1. Onuň başynda börügi we egninde duz ýaly aga- ran alaça köýnegi bardy. (A.Durdyýew. «Saýlanan eser- ler»). 2. Mirap ýeňillik bilen başyny ýerden galdyrypdyr. (B.Hudaýnazarow «Akar suwuň aýdymy»). 3. Mamur eje barşyna derýa özüni oklady. (A.Taganow «Uruş haçan gutarýar» e). 4. Maňa ýene-de ýaňky iki göz göründi.
5. Ol eýýäm halypasyny ençeme toýda diňläp görüpdi. (H.Diwangulyýew «Çuwal bagşy» e). 6. Ony ussalar ýörite düýäniň örküjine oňaýlap bejeripdirler. («Mekan» gazetin- den).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling