Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
1 TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASY MAGTYMGULY ADYNDAKY DIL WE EDEBIÝAT INSTITUTY TÜRKMEN D I L I N I Ň DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜGI II tom K-Z 2 Aşgabat – 2015 UOK 00 UOK 00 00 Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. II tom. K-Z – Aşgabat: Ylym, 2015 ý. – 542 sah. BAŞ REDAKTOR: Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi DÜZÜJILER: G. Kyýasowa, A. Geldimyradow, H. Durdyýew Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň iki tomlugy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň howandarlyk etmeginde Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze türkmen elipbiýinde ilkinji gezek çap edilýär. Sözlük häzirki zaman türkmen diliniň söz baýlygynyň aglaba bölegini öz içine alýar. Bu sözlük düzülende sözlükçilik işiniň dünýä tejribesine daýanyldy. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi ene dilimiziň esasy gatlagyny, aýratynlyklaryny özünde jemlemek bilen, dilimiziň ösüş kanunalaýyklyklaryny açyp görkezýän özboluşly we düýpli derňewdir. Sözlükde takmynan 50.000 töweregi baş söz, söz düzümi we frazeologik birlikler ýerleşdirilip, olaryň häzirki zaman türkmen dilinde ýazylyşy, aýdylyşy görkezilip, aňladýan manylaryna düşündiriş berilýär. Sözleriň ulanylyşynyň stilistik aýratynlyklary, bir manylylyk, köp manylylyk, göçme manylylyk häsiýetleri hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserlerinden, halk döredijiliginden, aýratyn hem, atalar sözi-nakyllardan, durnukly söz düzümlerinden, türkmen nusgawy edebiýatyndan, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinden alnan mysallar arkaly delillendirilýär. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi häzirki zaman dil biliminiň, aýratyn-da leksikologiýa we leksikografiýa ylmynyň gazanan düýpli üstünlikleri nazara alnyp düzülen uly göwrümli akademiki neşirdir. Sözlük türkmen diliniň söz baýlygy bilen gyzyklanýanlara, ylmy jemgyýetçilige, döredijilik işgärlerine, türkologlara, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna, şeýle-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär. TDKP № 000 KBK 000 © “Ylym”, 2015 ý. © Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty, 2015 ý. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom , 2015 ý. Düzüjiler: G. Kyýasowa, A. Geldimyradow, H. Durdyýew. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling