10
golaýynda ýatan küti kitaby alyp, ýerinden turdy (G.
Kulyýew).
KAH-KAH, s.ş.aňl.söz., kön.s. Sesli, şadyýan
gülki.
Elkyssa, Kerem bu sözleri diýenden soň,
kenizler kah-kah güldüler (
Asly–Kerem
).
KAK I,
at. Paçagy, çigidi aýrylandan soň
dilim-
dilim
edilip,
serlip,
guradylyp,
gawundan
taýýarlanylýan azyk önümi.
KAK II, at. Takyr ýerlerde suw ýygnanýan oý
ýer.
Oýlara, kaklara, guýulara golaýlanda dürli
jandar köpelerdi (B. Kerbabaýew).
Kak suwy ýagyş-ýagmyryň suwundan kaka
ýygnanan, toplanan suw.
Boz marallar kak suwundan
içende, Ýaşyl ýaýlalara seýle çykardym (B.
Hudaýnazarow).
Kakyň oky kaka tarap suw akyp
gelýän suw ýodasy.
Kakyň okuny arçadylar.
KAKA [ka:ka],
at. 1. Maşgalada çaganyň iň
ýakyn hossarynyň
biri bolan erkek adam, ata.
2.
Kakaň
erkek doganyna sylag, hormat hökmünde
onuň adynyň soňuna goşulyp aýdylýan söz.
Baýram
kaka.3. Oglana dakylýan at.
4. Ýer (oba, şäher we
ş.m.) ady.
KAKABAŞ [kakavaş],
syp.Öz ugruna giden,
özbaşdak, erkin ösen; başyna giden, terbiýesiz
ulalan.
Ýöne Tuwak o diýen mylaýym ýigit bolup
çykmady, kakabaşrakdy (H. Garabaýew).
KAKABAŞLYK [kakavaşlyk]
, at. Kakabaşyň
ýagdaýy, başyna gidenlik.
Birneme akyly goýalyşyp
ugranda, onuň kakabaşlygy galar.
KAKADYLMAK, işl. Açyk howada günüň
düşýän ýerinde ýa-da kölegede
bir zady sermek,
çygyny almak, çekdirmek, guratmak.
Kakadylan
balyk. Kakadylan gawun.
Do'stlaringiz bilan baham: