Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Ýalaňy odun ýakanyňda köz galmaýan çöp-çalam. Pezzik ýowşan. PÄH
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
2. Ýalaňy odun ýakanyňda köz galmaýan çöp-çalam.
Pezzik ýowşan. PÄH, üml., ser. Päheý. PÄHEÝ, üml.Haýran galmagy ýa-da makul bilmezligi aňladýar. Päheý! Çagalar üçin dil öwrenmek kyn zatmy? (H. Ysmaýylow). PÄHIM, at. Aň-düşünje, paýhas, akyl. 2. Pähimli, parasatly sözler. Pähim etmek akyl ýetirmek, aňmak, göz ýetirmek. Kimse pähm etmez bu derdim, bolmuşam dermanda men (Magtymguly). Mähri! Sen öz hatyň nähili günlere hiç bir oslanylmadyk ýerden maňa gelip ýetişenini bir pähim edip gör (A. Gowşudow). Pähimi ýetmek düşünip bilmek, aňy ýetmek, akyly çatmak. Akyl äriň pähmi ýeter bu söze (Magtymguly). PÄHIMDAR [pähimda:r], syp., ser. Pähimli. Pähimdar adam. PÄHIMDARLYK [pähimda:rlyk], at, ser. Pähimlilik. PÄHIMLENMEK, işl. Akylyňy durlap paýhaslanmak, pähim etmek, paýhaslanmak, oýlanmak. PÄHIMLI, syp. Akyl ýetirýän, pähim edýän, paýhasly, pähimdar. Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli, Göwresi giň gerek, özi pähimli (Magtymguly). PÄHIMLILIK,at. Bir işi oýlanyp etmeklik, akyl ýetirmeklik, pähimli bolmaklyk, paýhaslylyk, pähimdarlyk. PÄHIM-PARASAT [pähim-parasa:t], at, ser. Pähim-paýhas.Ata-babalarymyzyň pähim-parasady. PÄHIM-PAÝHAS,at, ser. Pähim. PÄHIMSIZ,syp. Oýlanyp iş etmeýän, pähim etmeýän, paýhassyz. Pähimsiz adam. PÄHIMSIZLIK,at. Pähimi ýokluk, pähim etmezlik, paýhassyzlyk. PÄK [pä:k], syp. 1. Tämiz, päkize, arassa, dury, hapa bolmadyk. 2. göç.m. Sap wyždanly, hoşniýetli, açyk göwünli. PÄK-ARASSA[päğ-arassa], syp. Hemme tarapdan arassa. Päk-arassa adam. PÄKI [pä:ki], at. Saç-sakgal syrmak üçin çakgy kysmy bir ýüzli ýiti gural. Ol sakgalynyň aşagyny hem päki bilen syryşdyrdy (A. Durdyýew). Päki ýaly örän ýiti, kesgir. PÄKIBAŞ [pä:kivaş], at. Aşgabat, Ahal nusgaly tekegöl nagşy salnan halyda gölüň başlanýan we gutarýan ýerindäki açylan päki şekilli nagyş. PÄKILEME [pä:kileme], iş ady. Päkilemek ýagdaýy. 203 PÄKILEMEK [pä:kilemek], işl. Päki bilen syrmak, päki bilen aýyrmak. PÄKILEMEKLIK [pä:kilemeklik], iş ady. Päkilemek ýagdaýy. PÄKILENMEK [pä:kilenmek], işl. Päki bilen syrylmak, päki bilen aýrylmak. PÄKILETMEK [pä:kiletmek], işl. Päki bilen syrdyrmak, päki bilen aldyrmak, aýyrtmak (saç, sakgal hakynda). PÄKILEÝIŞ [pä:kileýiş], iş ady. Päkilemek ýagdaýy. PÄKIZE [pä:ki:ze], syp., 1. Arassa, tämiz, hapa däl. 2. Sap wyždanly, hoşniýetli, açyk göwünli. PÄKIZELEME [pä:ki:zeleme], iş ady, ser. Pakizleme. PÄKIZELEMEK [pä:ki:zelemek], iş ady, ser. Pakizlemek. Olaryň üstüne päkizelenen çäýnekler bilen çaý çekildi (N. Saryhanow). PÄKIZLEME [pä:ki:zleme], iş ady. Päkizlemek ýagdaýy. PÄKIZLEMEK [pä:ki:zlemek], işl. Päkiz etmek, arassalamak, tämizlemek. PÄKIZLEMEKLIK [pä:ki:zlemeklik], iş ady. Päkizlemek ýagdaýy. PÄKIZLENMEK [pä:ki:zlenmek], işl. Päkiz edilmek, arassalanmak, tämiz edilmek. PÄKIZLEŞMEK [pä:ki:zleşmek], işl. Päkizlemäge kömekleşmek. Gyzy ejesine çäýnek- käseleri päkizleşdi. PÄKIZLETMEK [pä:ki:zletmek], işl. Päkizlemek işini başga birine etdirmek. PÄKLEMEK [pä:klemek], işl. Arassalamak. Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men, Gülap suwun berip, ýüzün päklär men ( Saýatly – Hemra ). PÄKLENMEK [pä:klenmek], işl. Päkizlenmek. PÄKLETMEK [pä:kletmek], işl. Päkizletmek. PÄKLIK [pä:klik], at, ser. Päkizlik. PÄL [pä:l], at. Adamyň hyýaly, maksady, niýet- pikiri. Seniň päliň nedir, ne hyýaldadyr? (Halk aýdymyndan). Päl däldir1) niýet däl, isleg däl. 2) gabahat, gaty erbetlik. Onuň ýüzüni görmegem päl däldir. Päli azan erbet, bozuk pikirli, bozuk niýetli. Päli azan tilki hinine bakyp uwlar (Nakyl). Päli bozuk niýeti erbet, ters hyýala münen, ters ugra giden. Päline jyzar bolmak pälinden tapmak, eden ýaramaz işine görä jezasyny çekmek. Päliňden el çekmek ser. Päliňden gaýtmak. Päliňden gaýtmak edýän ters hereketiňden, niýet-hyýalyňdan dänmek, toba etmek, päliňden el çekmek.Päliňden tapmak niýetiňe görä erbetlige uçramak, ýamanlygyň üstünden barmak, päliňe görä tapmak. Päliňe görä tapmak ser. Päliňden tapmak.Päli pes bespäl, hoşniýetli, isleg- maksady arassa, adamkärçiligiň çäginden çykmaýan päk hyýally. Päli ýaman erbet niýetli, ýaramaz pikirli, betniýet, betpäl.Buz üstünde tozan araýan päli ýamana bahana gerekdi (A. Nazarow). PÄLE [pä:le], at, taryh. Patyşa Russiýasy döwründe işçi batalýony görnüşinde uruş döwri üçin guralan iş. Patyşa ýerli-ýerden tyl işine päle almaga başlady (K. Işanow). PÄLEÇI [pä:leçi],at, taryh. Pälä gidýän adam, pälede işleýän adam. PÄLEÇILIK [pä:leçilik], at, taryh, ser. Pälelik. Emma Gulman arçyn ol ikisini hem öz doganlarynyň ýerine päleçilige iberipdir (A. Gowşudow). PÄLELIK [pä:lelik], at, taryh. Päleçi, işçi bolup işlemeklik, päläniň ýagdaýy, päleçilik. Ol bir ýyl ömrüni pälelikde geçirse, indi ýarym ýyl bäri dul gezip ýör (B. Kerbabaýew). PÄL-NIÝET [pä:l-niýet], at, ser. Päl.Her kimiň päli-niýeti öz ýoldaşy bolsun (Dileg). PÄLWAN [pä:lwa:n] I, at. 1. Göreş bilen meşgullanýan, göreş tutujy türgen. Göreş köpe çekdi, pälwanlar ýadady (Ç. Aşyrow). 2. göç.m. Güýçli, daýaw, batyr, edermen, zor. Pälwan syratly ýigidiň raýyny ýykmady (H. Garabaýew). 3. Oglana dakylýan at. PÄLWAN [pä:lwa:n] II, at. Nawyň bogaldaklary dört tarapyndan berkidilýän urgan. Pälwanlar seslenýär, üýrýär it ýaly, Şemal güýjäp ugran wagty mazaly (Ş. Borjakow). PÄLWANÇYLYK [pä:lwa:nçylyk], at, ser. Pälwanlyk.Seniň pälwançylyk bilen işiň ýok ýaly-la? ( Görogly ). PÄLWANLYK [pä:lwa:nlyk], at. Edermenlik, batyrlyk, işjeňlik, juda güýçlülik, zorluk. Her ädimi edeňde, gudratyňy duýsunlar, Pälwanlykda kemi ýok, tüýs atasy diýsinler (M. Seýidow). PÄSGEL [pä:sğel], at. Ýerine ýetmeli bir hereketiň, işiň öňe gitmegine böwet bolýan kynçylyk, garşylyk, bökdençlik. PÄSGELÇILIK [pä:sğelçilik], at. 1. ser. Päsgel. 2.Sportuň dürli görnüşlerinde: tebigy ýa-da emeli päsgelçilik desgasynyň üstünden badyňy gowşatman böküp, ylgap, ýöräp ýa-da çapyp geçmek. PÄSGELÇILIKLI [pä:sğelçilikli], syp. Böwet bolýan, kynçylyk döredýän, päsgelçilik berýän. PÄSGELÇILIKSIZ [pä:sğelçiliksiz], syp. Päsgelçiligi bolmadyk, bökdençsiz. PÄSGELSIZ [pä:sğelsiz], syp. Garşylyksyz, bökdençsiz, kynçylyksyz, böwetsiz. Päsgelsiz okap bilmek. PÄÝENDEKI [päýenneki], at, ser. Paýendeki. PÄÝNEK [pä:ýnek], at. 1. Pyçagyň, gylyjyň ujy deşmez ýaly gynyň ujuna berkidilýän galyň teletin ýa-da metal bölegi. Günem lowurdadýar gyljyň päýnegin (N. Pomma). 2. gepl.d. Çäýnegiň jüründiginiň ujy döwlende, metaldan ýasalyp geýdirilýän jüründik. PIANINO [piýani:no / piýany:na], at. Kirişleri dikligine çekdirilip dartylan, äpet gapyrjak görnüşli, barmaklar bilen basylyp çalynýan saz guraly. PIANINOÇY [piýani:noçy / piýani:naçy], at. Pianino çalýan sazanda. PIDA [pida:], at. Bir zat sebäpli ýa-da bir zat ugrunda gurban bolmaklyk, janyňy gurban etmeklik, ölüm.Urşuň pidalary. Ýer titremesiniň pidalary. Adam pidalary bolan heläkçilik. 204 Pida bolmak janyňy gurban etmek, janyňy bermek, ölmek. Pida etmek biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda öz janyňy gurban etmek, ömrüňi bagyşlamak. PIDE: pide bolmak çüýräp owranmak, çüýräp gitmek, gurap owranmak, owranyp kül bolmak. Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň – pide (Nakyl). PIDUL [pidu:l], at. Içigara, içi ýaramaz pikirli adam. Ol pidulyň kimdigini, Ahyry bildim mazaly (Ç. Aşyrow). PIDULÇYLYK [pidu:lçuluk], at,ser. Pidullyk. PIDULLYK [pidu:lluk], at. Pidulyň käri, pişesi, arabozujylyk. PIKIR, at. 1. Adamyň akyl ýetiriş ukybynyň netijesi, jemi. 2. Bir zada bolan garaýyş, nukdaýnazar, düşünje. Beýle pikirler durmuşyň talaplaryna gabat gelmeýär (N. Jumaýew). 3. Bir zat hakynda peýda bolýan niýet, hyýal. Pikir alyşmak bir iş, mesele hakynda belli bir netijä gelmek maksady bilen özara maslahatlaşmak, bir mesele dogrusynda biri-biriňe pikiriňi aýtmak. Pikir basmak ýüze çykan aladalar basmarlamak. Pikir bermek 1) üns bermek; alada etmek. 2) üns berip diňlemek, gulak asmak. Pikir derýasyna gark bolmak ser. Pikire batmak.– Sözlesene, Berdi, meniň pikir derýasyna gark bolanym ýeterlik dälmi? (H. Derýaýew). Pikir derýasynda (kölünde) ýüzmek çuň pikire gitmek, köp pikir etmek. Pikire batmak ser. Pikire gitmek. Pikire batmak çuňňur oýlanmak, oýa batyp pikirlenmek. Ol agyr pikirlere batypdy (B. Seýtäkow). Pikire çümmek ser. Pikire batmak. Pikire gelmek belli bir karara gelmek, belli bir netijä gelmek. Pikire gitmek çuň pikir edip, bir zada bar ünsüňi gönükdirmek, pikire çümmek, pikire batmak. Meret çaýyny içip bolup, dikeldi-de, pikire gitdi (A. Durdyýew). Pikiri bölmek ünsüňi başga bir ýaňa, başga tarapa sowmak. Pikiriňi durlamak paýhaslanyp başlamak, gowy akyl ýetirip başlamak, aýdyň pikirde bolmak. Pikir ýöretmek bir zat hakynda bir pikiri öňe sürmek. Pikir ýumagyny Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling