Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet364/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   360   361   362   363   364   365   366   367   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Içi pikirli köpbilmiş, mekir. 
PIKIRLILIK
at. 
Pikirli 
halda 
bolmaklyk;düşünjelilik, paýhaslylyk.
PIKIRSIZ, syp. Pikiri bolmadyk, pikiri ýok. 
Pikirsiz adam. 
PIKIRSIZLIK, at. Pikiri ýokluk, pikiri 
bolmazlyk. 
PIL, at. 1. Uzyn holtumly we iki sany uzyn 
gyýakly äpet süýdemdiriji haýwan. Düýeden uly pil 
bar (Nakyl). 2. küşt. Küşt tagtasynda burçdan burça 
göçýän mal. 

Piliň gulagynda uklamak dünýäden bihabar 
galmak, töwerek-daşdaky wakalar hakda hiç zat 
bilmezlik. Sakgaldaş, görýän weli, sen piliň 
gulagynda uklap galan bolara çemeli (B. Seýtäkow).
PIL [pi:l], at. Ýer depmek ýa-da ýer gazmak üçin 
ulanylýan, demirden ýasalan ýasy, uzyn agaç saply 
gural. 

Piliň gulagyndan çörek iýmek daýhançylyk 
edip ýaşamak, ekerançylyk bilen meşgullanyp 
eklenmek. Çepbekeý pil ser. Çepbekeý. Saglakaý 
pil serSaglakaý
PILÇE [pi:lçe], at. 1. Kiçijik pil, kepje. 2anat. 
Goluň gutaran ýerindäki kiçijik pil görnüşli ýasy 
suňk. 
PILDAR [pilla:r], at, taryh. Pil sürýän esger. 
Dört müň pildary bar gala ýykardan (Magtymguly). 
PILE [pi:le], at. Ýüpek almak üçin ýörite 
saklanýan ýüpek gurçugynyň saraýan kiçijik 
ýumurtga şekilli önümi. 

Pile saramak ýüpegini öz daşyna orap 
başlamak (ýüpek gurçugy hakynda). 
PILEK, at. 1.El degirmeniniň bugdaý guýulýan 
deşiginiň içinde keseligine ýerleşýän, dänäni kadaly 
dökmek hem-de ýokarky daşy oka berkitmek üçin 
hyzmat edýän agaçjyk. 2. Suw çiliminiň temmäki 
guýulýan, temmäki durýan ýeri. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   360   361   362   363   364   365   366   367   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling