Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
PIŞEKLEÝIŞ, iş ady. Pişeklemek ýagdaýy. PIŞEKLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Pişge murt
- PIŞGELENMEK
- Pişik basyşyny etmek
- PIŞIKGUÝRUK
- PITIK I
- Pitige münmek
- PITIKLEŞDIRMEK
PIŞEKLEÝIŞ, iş ady. Pişeklemek ýagdaýy.
PIŞEKLI, syp. Pişege daýanyp ýöreýän. Pişekli adam. PIŞGE [pişğe], at. Darakda daralyp, egirmäge taýýar edilip goýlan bir düýrüm ýüň . Pişge murt pezzerip duran murt. Aly beg uzyn boýly, agaç etli, ullakan burunly, pişge murt adamdy (A. Gowşudow). PIŞGELEME [pişğeleme], iş ady. Pişgelemek ýagdaýy. PIŞGELEMEK [pişğelemek], işl. Ýüňi darap, pişge görnüşine getirmek. PIŞGELEMEKLIK [pişğelemeklik], iş ady. Pişgelemek ýagdaýy. 206 PIŞGELENMEK [pişğelenmek], işl. Pişge görnüşine getirilmek. PIŞGELEŞDIRMEK [pişğeleşdirmek], işl. Daran ýüňlerini birnäçe pişge edip çykmak. PIŞGELEŞMEK [pişğeleşmek], işl. Ýüňi darap, pişge etmäge kömekleşmek. Daralan ýüňi pişgeleşmek. PIŞGELETMEK [pişğeletmek], işl. Pişgelemek işini başga birine etdirmek. PIŞIK, at. Süýdemdirijiler maşgalasyndan bolan ýabany hem öýdeçi haýwan (ýolbars, gaplaň hem şol maşgala degişlidir). Pişikler syçanlary, alakalary ýok edýär. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli (Nakyl). Pişik basyşyny etmek emaý bilen daraklygyňa basyp, ýuwaşja ýöremek. Pişik yzy pişigiň yzyna meňzedilip, halynyň gyrasyna salynýan ownuk nagyş. Pişik ýuwnuşyny etmek el-ýüzüni çala öllemek, çalak-çulak ýuwunmak. PIŞIKDYRNAK, at. Baldagy tikenli, gülläp, miweläp ösýän, boýy 30-40 sm ýetýän, köpýyllyk ýabany ösümlik. PIŞIKGUÝRUK, at. Däneliler maşgalasyna degişli ýasy uzyn ýaprakly ösümligiň bir görnüşi. PIŞIM-PIŞIM [pişim-pişim], üml., ser. Piş-piş. PIŞME, at. 1. Ýaýylan hamyrdan dürli görnüşde gytak dörtbuç kesilip, ýagda bişirilýän iýmit, bogursak. Görsem ejem gazanyň başynda oturyp, pişme bişirýärdi (R. Gelenow). 2. Keçä salynýan pişmä kybapdaş bir gülüň ady. 3. zergärç. Şaý- sepleriň ýüzüne salynýan nagyş ady. PIŞ-PIŞ [piş-viş], üml. Pişigi çagyrmak üçin aýdylýar. PITI I, at. Çoýundan, demirden, alýuminden ýasalan nahar bişirilýän agzy gapakly gap. PITI II, at, kön.s. Nohut atylyp bişirilýän etli çorba. Bir tabak piti getirip, oňa berdiler (N. Saryhanow). PITIK I, at. Başam barmagyň ujuny orta ýa-da süýem barmagyň ujuna diräp, barmaklary zarply açan ýagdaýyňda döreýän urgy. PITIK II, at. Gapanyň keçesine berkidilýän iki- üç kertiklije kiçijik demir ýa-da agaç bölegi. Pitige münmek soňky hetde ýetmek, çözgüde ýakynlamak. Gudalar arasyndaky gürrüň gutaryp, mesele ýokarky pitige mündi (B. Kerbabaýew). PITIKLEME, iş ady. Pitiklemek ýagdaýy. PITIKLEMEK, işl. Pitik bilen kakmak, pitik bilen urmak. Pitikläp almak köp zadyň içinden iň gowusyny saýlap almak. PITIKLEMEKLIK, iş ady. Pitiklemek ýagdaýy. PITIKLENMEK, işl. Pitik bilen urulmak, pitik bilen kakylmak. Ol ertesi irden ýaňagynyň ýuwaşjadan pitiklenmegine oýandy (B. Soltannyýazow). PITIKLEŞDIRMEK, işl. Pitikläp çykmak, yzly- yzyna pitikläp görmek. PITIKLEŞMEK, işl. Biri-biriňi pitiklemek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling