Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PIŞEKLEÝIŞ, iş ady. Pişeklemek ýagdaýy.  PIŞEKLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet366/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   362   363   364   365   366   367   368   369   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PIŞEKLEÝIŞiş ady. Pişeklemek ýagdaýy. 
PIŞEKLI, syp. Pişege daýanyp ýöreýän. Pişekli 
adam
PIŞGE [pişğe], at. Darakda daralyp, egirmäge 
taýýar edilip goýlan bir düýrüm ýüň . 

Pişge murt pezzerip duran murt. Aly beg uzyn 
boýly, agaç etli, ullakan burunly, pişge murt adamdy 
(A. Gowşudow).
PIŞGELEME [pişğeleme], iş ady. Pişgelemek 
ýagdaýy. 
PIŞGELEMEK [pişğelemek], işl. Ýüňi darap, 
pişge görnüşine getirmek. 
PIŞGELEMEKLIK [pişğelemeklik], iş ady. 
Pişgelemek ýagdaýy. 


206 
PIŞGELENMEK [pişğelenmek], işl. Pişge 
görnüşine getirilmek. 
PIŞGELEŞDIRMEK 
[pişğeleşdirmek], 
işl. 
Daran ýüňlerini birnäçe pişge edip çykmak. 
PIŞGELEŞMEK [pişğeleşmek], işl. Ýüňi darap, 
pişge 
etmäge 
kömekleşmek. 
Daralan 
ýüňi 
pişgeleşmek. 
PIŞGELETMEK [pişğeletmek], işl. Pişgelemek 
işini başga birine etdirmek.
PIŞIK, at. Süýdemdirijiler maşgalasyndan bolan 
ýabany hem öýdeçi haýwan (ýolbars, gaplaň hem şol 
maşgala degişlidir). Pişikler syçanlary, alakalary ýok 
edýär. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli (Nakyl). 

Pişik basyşyny etmek emaý bilen daraklygyňa 
basyp, ýuwaşja ýöremek. Pişik yzy pişigiň yzyna 
meňzedilip, halynyň gyrasyna salynýan ownuk 
nagyş. Pişik ýuwnuşyny etmek el-ýüzüni çala 
öllemek, çalak-çulak ýuwunmak. 
PIŞIKDYRNAK, at. Baldagy tikenli, gülläp, 
miweläp ösýän, boýy 30-40 sm ýetýän, köpýyllyk 
ýabany ösümlik. 
PIŞIKGUÝRUK, at. Däneliler maşgalasyna 
degişli ýasy uzyn ýaprakly ösümligiň bir görnüşi. 
PIŞIM-PIŞIM [pişim-pişim], üml., ser. Piş-piş
PIŞMEat. 1. Ýaýylan hamyrdan dürli görnüşde 
gytak dörtbuç kesilip, ýagda bişirilýän iýmit, 
bogursak. Görsem ejem gazanyň başynda oturyp, 
pişme bişirýärdi (R. Gelenow). 2. Keçä salynýan 
pişmä kybapdaş bir gülüň ady. 3. zergärç. Şaý-
sepleriň ýüzüne salynýan nagyş ady. 
PIŞ-PIŞ [piş-viş], üml. Pişigi çagyrmak üçin 
aýdylýar. 
PITI I, at. Çoýundan, demirden, alýuminden 
ýasalan nahar bişirilýän agzy gapakly gap. 
PITI II, at, kön.s. Nohut atylyp bişirilýän etli 
çorba. Bir tabak piti getirip, oňa berdiler (N. 
Saryhanow).
PITIK I, at. Başam barmagyň ujuny orta ýa-da 
süýem barmagyň ujuna diräp, barmaklary zarply açan 
ýagdaýyňda döreýän urgy. 
PITIK II, at. Gapanyň keçesine berkidilýän iki-
üç kertiklije kiçijik demir ýa-da agaç bölegi. 

Pitige münmek soňky hetde ýetmek, çözgüde 
ýakynlamak. Gudalar arasyndaky gürrüň gutaryp, 
mesele ýokarky pitige mündi (B. Kerbabaýew). 
PITIKLEMEiş ady. Pitiklemek ýagdaýy. 
PITIKLEMEK, işl. Pitik bilen kakmak, pitik 
bilen urmak. 

Pitikläp almak köp zadyň içinden iň gowusyny 
saýlap almak. 
PITIKLEMEKLIK, iş ady. Pitiklemek ýagdaýy. 
PITIKLENMEK, işl. Pitik bilen urulmak, pitik 
bilen kakylmak. Ol ertesi irden ýaňagynyň 
ýuwaşjadan 
pitiklenmegine 
oýandy 
(B. 
Soltannyýazow). 
PITIKLEŞDIRMEK, işl. Pitikläp çykmak, yzly-
yzyna pitikläp görmek. 
PITIKLEŞMEK, işl. Biri-biriňi pitiklemek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   362   363   364   365   366   367   368   369   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling