Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet374/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   370   371   372   373   374   375   376   377   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Puşmana getirmek toba etdirmek, amana 
getirmek, edenine ökündirmek. Puşmana töleg töleg 
tertip-düzgüni bozulanda tölegiň yza çekdirilen her 
bir güni üçin üstüne mündürilip alynýan üste pul, 
töleg. 
PUŞT, at, kön.s.Deri, ham. Nesimi dek puştun 
nähak soýdular, Seniň ogluň iki gözün oýdular 
(

Hüýrlukga – Hemra

). 
PUT, at. 16 kilograma deň agyrlyk ölçegi. Her 
gezekde putdan agyr çygly gum gaçyň gapdalyna 
güpläp düşýärdi (B. Kerbabaýew). 
PUTLAÝYN [putloýun], hal. Put-putdan, put-put 
görnüşinde. 
PUTLUK, at. 1. Bir puta deň. Ol bäş putluk 
haltany göterdi. 2. Agramy puta deň bolan agyrlyk 
ölçeg daşy. 
PÜÇEK [püçök]: püçege çykarmak adam 
sanyna goşmazlyk, ýagşy-ýamanyny gömmek, 
sansyz hasaplamak; puja çykarmak, biderek etmek
zaýalamak. Älhepus, meni püçege çykardyň-aý! Bir 
püçek etmek (bolmak) biderek hasaplamak. Sen-ä 
ony bir püçek etdiň-de oturyberdiň?!  
PÜF,üml. Ýakymsyz ys alnanda aýdylýan söz. 
PÜFFÜLDI [püffüllü], at. Üflemekden çykýan 
sesiň ady. 
PÜR I,at.Ýylgyn, sazak, çerkez, çeti, arça ýaly 
käbir agaçlaryň iňňe şekilli inçejik ýapraklary. 
PÜR IIsyp., kön.s. Akylly, akylly-başly. Är ogul 
balasy bara pür bolar, Gamçysy elinde, ýaman zor 
bolar (Magtymguly). 
PÜRÇÜK, at. Seçegiň we ş.m. ujunda seçelenip 
duran ýüpek sapaklar.  

Gyzyl pürçük bolmak  ýiti reňkli eşik geýmek, 
al-ýaşyl geýinmek. Gyzyl pürçük bolup gelýän gyz-
gelinler gyz çykýan öýe tarap ýöneldiler
PÜRDELEMEK [pürdölömök], işl. Yzygiderli 
pürdemek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   370   371   372   373   374   375   376   377   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling