Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet382/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   378   379   380   381   382   383   384   385   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

RAGBATSYZLYK [yrağvassyzlyk], at. Ragbaty 
ýokluk, ysgynsyzlyk, güýçsüzlik, kuwwatsyzlyk. 
RAGNA [yrağna:], at. 1. ösüml.d. Ýakymly ys 
ýaýradýan gülüň ady. Eý ýaranlar, bir ýüzi gül Aýa 
aşyk bolmuşam, Barçalar maksudy – gül ragnaýa 
aşyk bolmuşam (Magtymguly). 2. göç.m. Owadan, 
görmegeý, syratly. Aldy janym ýüzi enwer, kamaty 
ragna ýigit (

Zöhre – Tahyr

). 3. Gyza dakylýan at. 
RAGNALYK [yrağna:lyk], at. Owadanlyk, 
görmegeýlik, syratlylyk. 
RAHAT [yra:hat], syp. 1. Asudalyk, parahatlyk. 
Rahat durmuş. Gijäňiz rahat bolsun (Dileg). 2
Ynjalykly, ümsüm, arkaýyn ýagdaýy. Rahat uka 
gitmek. Rahat ýatyp-turanyň nämä degmeýär. Rahat 
oturyň. 3. ser. Rahatlyk. Biakyllar heňňam gurar 
Eşret isläp rahat bile (Magtymguly). 
RAHATLANDYRMAK [yra:hatlannyrmak], işl. 
Rahatlanar ýaly etmek, köşeşdirmek, birahatlygyňy 
ýok etmek, aýyrmak. 
Onuň sözleri meni 
rahatlandyrdy. 
RAHATLANMA 
[yra:hatlanma], 
iş 
ady. 
Rahatlanmak 
ýagdaýy. 
Lukmanyň 
eminden 
rahatlanma tapan nähoş uka gitdi. 
RAHATLANMAK [yra:hatlanmak], işl. Rahat 
bolmak, ynjalmak, köşeşmek. Deňiz birneme 
rahatlandy. 
RAHATLANMAKLYK [yra:hatlanmaklyk], iş 
ady. Rahatlanmak ýagdaýy. 
RAHATLANMAZLYK [yra:hatlanmazlyk], iş 
ady. Rahatlanyp bilmezlik. 
RAHATLANYŞ 
[yra:hatlanyş], 
iş 
ady
Rahatlanmak ýagdaýy. Ýüreginden önen balasynyň 
rahatlanyşyny gören enäniň ýüzi ýagtylyp gitdi
RAHATLAŞMAK [yra:hatlaşmak], işl. Birneme 
rahatlanmak, ýuwaş-ýuwaşdan rahatlyk aralaşmak. 
RAHATLYK [yra:hatlyk], at. 1. Asuda ýagdaý, 
goh-galmagal ýokluk, ümsümlik, dynçlyk. 2. Ruhy 
taýdan rahat, gorky-ürküsiz ýagdaý, arkaýynlyk. 
Biriniň rahatlygyny bozmak. Jany rahatlyk tapan 
çaga ertire çenli ýatdy.  
RAHATSYZ [yra:hassyz], syp. Rahady ýok, 
birahat. 


217 
RAHATSYZLANMAK [yra:hassyzlanmak], işl.
Birahat bolmak, rahadyň gaçmak, ynjalyksyzlanmak. 
RAHATSYZLYK [yra:hassyzlyk], at. Rahady 
ýok, birahat ýagdaý. Ýaşaýyş şertleriniň rahatsyzlygy 
aradan aýryldy. 
RAHMAN [yrahma:n], syp. 1. Rehimli, rehim 
edýän. 2. Alla Tagalanyň bir ady. Rahman aýdar: 

Nebs umydyn üzegoý

(Magtymguly). 3. Oglana 
dakylýan at. 
RAKETA [rake:ta], at. 1teh. Öz massasynyň bir 
bölegini taşlan wagtynda ýüze çykýan reaktiw güýjüň 
hasabyna hereket edýän uçujy apparat. 2. harb
Silindr şekilli, uç tarapy çowly reaktiw söweş topy, 
snarýad. 
RAKS [yrakys], at, k.d. Oýun, tans.  

Raks etmek tans etmek; oýnamak. Magtymguly, 
ol mekanda meks etdi, Şyhlar turdy, ýigitler deý raks 
etdi (Magtymguly). 
RAKYP [yraky:p], at. 1. Duşman, keseki, ýat. 
Rakyp duýsa, bizi kylar äşgärä, Melamat köp bolar, 
tow düşer ara (

Zöhre – Tahyr

). 2göç.m. Mähirli, 
rehimli, mähriban, rehimdar. Eje! Heý dünýäde 
senden eziz, senden rakyp adam barmyka? (T. 
Gurbanow).
RALLI [yra:lly], at, sport. Ýörite taýýarlanylan 
awtoulaglarda, motosikllerde geçirilýan köp günlük 
sport ýaryşlary. 


Ýüpek ýoly 2009

rallisiniň 
guramaçylyk komitetiniň ýokary Kubogyna mynasyp 
bolmagy milli Liderimiziň halkara ykrarnamasyna 
eýe bolýandygyny aňyrýany bilen subut edýär
(

Saglyk

). 
RAM [yra:m], at.  Öwrenilen endik 

Ram bolmak endige öwrülmek. Ram etmek 
endik etmek.
RAS [yra:s], gepl.d., ser. Rast
RASLAMA [yra:slama], iş ady. Raslamak 
ýagdaýy. 
RASLAMAK [yra:slamak], işl. Özüňi dürsemek, 
demiňi-dynjyňy almak. Aljyran gyzymyz özün raslap, 
Aýlawly bir jogap tapyldy toslap (A. Kekilow). 
RASLAMAKLYK [yra:slamaklyk], iş ady. 
Raslamak ýagdaýy. 
RASLAMAZLYK [yra:slamazlyk], iş ady. Özüňi 
dürsemezlik. 
RASLATMAK [yra:slatmak], işl. Raslamaga 
mümkinçilik bermek. 
RAST [yra:s], hal. Dogry, çyn. Nadan köňli 
ýalgan söze rast diýr (Magtymguly). 

Rast gelmek gabat gelmek, dogry gelmek, 
miýesser bolmak. 
RASTLAMAK [yra:slamak], işl. 1. Ýürege, 
göwne jaý etmek, anyklamak. Rastlap aýtmak. 
Rastlap gürrüň bermek. 2. Dogry gönükdirmek, 
dogrulamak, gönülemek. Mawynyň nyşanadan 
rastlap atan soňky oklary biderek hem geçmedi (B. 
Kerbabaýew). Nyşana rastlap atmak. Akgyz rastlap 
onuň ýagyrnysyna depdi (

Edebiýat we sungat

). 
RAWY [yra:wy], at, kön.s. Geçmişde bolup geçen 
wakalar hakda rowaýatlar aýdýan adam, gürrüňçi, 
hekaýa aýdyjy, hekaýaçy, rowaýatçy. Rawylar andag 
rowaýat kylarlar kim, gadym zamanda Müsür 
welaýatynda Hysraw diýen bir patyşa bar erdi 
(

Hüýrlukga – Hemra

). 
RAÝ [yra:ý] I, at. Bir zada bolan isleg, niýet, 
göwün, meýil, pikir. Aşyk bolan magşuk raýyny 
ýykmaz (Magtymguly). Ol atynyň başyny çekip, 
raýyna goýberdi.


Raýyny ýykmazlyk göwnüni ýykmazlyk, 
göwnüni syndyrmazlyk. Çaganyň raýyny ýykmaň. 
RAÝ [yra:ý] II: raý bolmak çaşmak, bihuş 
bolmak, huşuňy ýitirmek, özüňden gitmek. Raý bolan 
çaga ýaly, çiň arkan gaýyşdy (

Edebiýat we sungat

). 
RAÝAT [yra:ýat], at. Belli bir döwletiň 
resmileşdirilen 
ýaşaýjysy, 
bir 
döwletiň 
raýatlygyndaky adam.

Raýat jemgyýeti azat raýatlaryň we meýletin 
dörän guramalaryň döwlet bilen bilelikde ösen hukuk 
gatnaşyklaryny döredýän jemgyýeti. 
RAÝATLYK [yra:ýatlyk], at. Bir döwletiň raýaty 
bolmaklyk. 
RAÝDAŞ [yra:ýdaş], syp. Belli bir mesele, iş, 
hereket boýunça pikirdeş, meslekdeş, duýgudaşlyk 
bildirýän. Kärdeşleri alymyň ylmy pikirlerine 
raýdaşlygyny bildirdiler. 
RAÝDAŞLYK 
[yra:ýdaşlyk], 
at. 
Raýdaş 
ýagdaýda bolmaklyk, ylalaşykly gatnaşyk, biri-biriňe 
bolan duýgudaşlyk, pikirdeşlik. Işgärleriň özara 
raýdaşlygy myhmanda içki guwanç duýgusyny 
döredýär. 
RAÝON [yraýo:n], at, taryh. TSSR döwründe 
oblastlaryň içindäki kiçi administratiw-çäk birligi. Ol 
kimdir birine ýardamynyň degjegini bilse, raýon 
merkezine, hatda Aşgabada gidip gelmäge-de 
ýaltanmaýar, garaňky düşensoň bolsa, daşyna 
adamlary üýşürip, türkmeniň geçmişinden gyzyklydan 
gyzykly wakalary gürrüň berýär (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 
RAÝYŞ [yra:ýyş], at. Ýap gazylanda iki tarapa 
oklanyp çykarylýan gum, üýşürilen gum seňňeri. 
Gatlanyň raýyşy. 
RAÝYŞLY [yra:ýyşly], syp. Gyrasyna, kenaryna 
raýyş galdyrylan. Belent raýyşly ýap. 
RAZ [ra:z], at, k.d. Gizlin gürrüň, syr. 

Raz aýdyşmak ikiçäk gürleşip, içki syryňy 
äşgär etmek. Çölde gezdi raz aýdyşyp halyk bile 
(Magtymguly). 
RAZY [yra:zy], hal. 1. Bir zada özüniň 
razylygyny bildirýän, razyçylyk berýän, ylalaşýan. 
Kimde-kim şol teklibe razy bolsa, goluny galdyrsyn 
(B. Kerbabaýew). 2. Birinden göwni hoş bolan, hoşal. 
Men senden razy. 
RAZYÇYLYK [yra:zy:çylyk], at, ser. Razylyk
Guda bolmaga razyçylyk berdi. 
RAZYLAŞDYRMAK [yra:zy:laşdyrmak], işl.  
Biri-birinden 
närza 
adamlary 
ylalaşdyrmak. 
Dawagärleri razylaşdyrmak
RAZYLAŞMA 
[yra:zy:laşma], 
iş 
ady. 
Razylaşmak ýagdaýy. 
RAZYLAŞMAK [yra:zy:laşmak], işl. 1. Razy 
bolmak, razylyk bildirmek, razylyk bermek


218 
ylalaşmak. Ol ahyry pikirim bilen razylaşdy. 2
Ölümli hassa 

razy bol

diýip hoşlaşmak. 
RAZYLAŞMAKLYK [yra:zy:laşmaklyk], iş ady. 
Razylaşmak ýagdaýy. 
RAZYLAŞMAZLYK [yra:zy:laşmazlyk], iş ady. 
Razy bolmazlyk, ylalaşmazlyk; hoşlaşmazlyk (agyr 
hassa bilen).
RAZYLAŞYK [yra:zy:laşyk], at. Bir mesele, 
pikir hakda özara ylalaşyk. Ýagşysy, razylaşyk etmek 
gerek (

Görogly

). 
RAZYLAŞYŞ [yra:zy:laşyş], iş ady. Razylaşmak 
ýagdaýy. Bu razylaşyşyň çig, ak göwünden razylaş. 
RAZYLYK [yra:zy:lyk], at. 1. Razy bolmaklyk, 
razyçylyk. Men oňa öz razylygym bilen gelýänimi 
beýan etdim (

Görogly

). 2. Bir zatda göwni hoşluk, 
bir zat üçin minnetdarlyk, hoşallyk. Ol razylyk bilen 
başyny atdy. 
RE [re:] Iat. Saz ýazgysyndaky ikinji ses. 
RE [re:] IIat. Türkmen milli elipbiýiniň ýigrimi 
birinji harpynyň ady. 
REAKTIW [reakti:v], syp., teh. Hereketlenýän 
jisime şol jisimden çykyp, onuň ugrunyň tersine 
hereket edýän jisim akymynyň (gaz, bug we ş.m.) 
yza depýän güýjüniň täsiri netijesinde döreýän 
herekete 
degişli. 
Reaktiw 
hereket
Reaktiw 
hereketlendiriji (motor). Reaktiw uçar
REDA [reda:], at, k.d. Ruhanylaryň geýýän dony. 
Iýgenim awy sandym, geýgenim reda bildim. Şunça 
köýdüm, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum 
(Magtymguly). 2. Derwüşleriň omuzlaryna atýan, 
gerek ýerinde namazlyk we ýorgan deregine ulanýan 
ýüň matasy. 
REDAKSIÝA [ireda:ksyýa], at. 1. Çap etmek 
üçin biri tarapyndan tertibe salnan, düzedilen iş. 2
Neşir ediljek işleri çapa taýýarlaýan edara we onuň 
jaýy. 
REDAKTOR [ireda:ktyr], at1. Neşir, çap ediljek 
işleri gözden geçirip, tertibe salýan, redaktirleýän 
adam. 2. Gündelik metbugatyň, gazetiň, žurnalyň 
jogapkär ýolbaşçysy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   378   379   380   381   382   383   384   385   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling