Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- REHNETLI
- REJELEŞMEK
- REJELI
- REJESIZLIK
- REKTOR
- RENÇLI
- RENDELEME
- RENDELEŞMEK [irenneleşmek], işl. 1 . Rendelemäge kömek bermek. Agaç ussasyna tagta rendeleşmek. 2
- RENDELETMEK [irenneletmek], işl. Rendelemek işini başga birine etdirmek; rendelemäge ýol bermek. Tagtalary maňa rendeletjekmi RENDELEÝIŞ
- RENTGEN
REHIM-ŞEPAGATSYZLYK
[irehim- şepa:ğassyzlyk], at. Rehim-şepagaty ýokluk, rehim- şepagatsyz bolmaklyk. REHMET [irehmet], at, k.d. 1. Ýuka ýüreklilik, mähirlilik. 2. göç.m. Peýdaly ýagyş. Asmanam, goý, rehmet nuruny saçsyn (A. Atabaýew). REHNET [irehnet], at. Bir zatdan görülýän eşret, lezzet, maza. Zähmet soňy – rehnet (Nakyl). REHNETLI [irehnetli], syp. Rehneti bar bolan, eşretli. Ol sazlaryň hemmesinde-de rehnetli zähmet wasp edilýär. REJE [ireje], at. 1. Boluş, ýagdaý. Howanyň rejesi gowy däldi (G. Kulyýew). 2. göç.m. Niýet, hyýal, pikir. Olaryň öz çüri üçekli öýlerine gaýtmak rejesi ýokdy ( Edebiýat we sungat ). 3. Tertip, düzgün. Reje bilen edilen, içine at keçesi düşelen teläriň goýry kölegesi bardy (B. Kerbabaýew). REJELEMEK [irejelemek], işl. 1. Tertibe salmak, tertipli etmek, tertipleşdirmek. Indi olar reňklemek, suwamak, rejelemek işlerini özbaşdak amala aşyrýarlar. 2. Ýerli-ýerinde, ýerbe-ýer edip goýmak, jaýlaşykly ýerleşdirmek. Ýorgan-düşeklerini rejeläp ýygnaşdyrýardy (B. Seýtäkow). 3. Timar bermek, gelşikli etmek, taraşlamak, timarlamak, ýylmamak. REJELENMEK [irejelenmek], işl. Tertibe salynmak, ýerli-ýerinde goýulmak. Kitaplar rejelenip goýlupdyr. REJELEŞDIRMEK [irejeleşdirmek], işl. Rejeläp çykmak. Düzedişdirmek gerek bolmasa-da, düşekleri rejeleşdirdi (R. Gelenow). REJELEŞMEK [irejeleşmek], işl. 1. Rejelemäge kömek bermek. 2. Biri bilen ýa-da birnäçe bolup bilelikde rejelemek. REJELETMEK [irejeletmek], işl. Rejelemek işini başga birine etdirmek. Oduny rejeledip basdyrmak. REJELI [irejeli], syp. Tertibe salnan, tertipli; gelşikli; talabalaýyk. Tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak. 2. Ýerbe-ýer edilip goýlan, ýerli- 219 ýerinde goýlan, jaýlaşykly. Jaýdan üç sany halyny çykaryp, rejeli ýazdy (A. Nazarow). REJELILIK [irejelilik], at. Tertibe salnan ýagdaýda bolmaklyk, tertiplilik, ýerbe-ýerlik, gelşiklilik. Öýüň içiniň rejeliligine göwnüň ýetmezçe däldi. REJESIZ [irejesiz], syp. Tertibe salynmadyk, tertipsiz, bulam-bujar. Ol özüniň tegelenip duran bugdaýreňk ýüzündäki rejesiz ösen gara sakgalyny sypalap goýberdi (B. Pürliýew). REJESIZLIK [irejesizlik], at. Rejelenmedik, rejesi ýokluk, rejeli dällik. REJEÝÜP [irejeýüp], at. Gurluşykda diwaryň, haly dokalanda gyrasynyň dogrulygy olaryň daş ýüzünden çekilip barlanýan ýüp. REŽISSÝOR [režisso:r], at. Teatr, kino we telewizion, radio oýunlaryny we gepleşiklerini goýýan çeper ýolbaşçy, guramaçy. REKLAMA [rekla:ma], at. Harytlara we dürli görnüşli hyzmatlara isleg döretmek maksady bilen olaryn häsiýetli alamatlary hakynda maglumat beriş, mahabat. Söwda reklamasy. Teatr reklamasy. REKTOR [re:ktyr / re:ktor], at. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy. RELS [re:ls], at. Demir ýollarda şpallara berkidilen, üstünden otlynyň tigirleri ýöreýän insizje polat ýol. REMEL [iremel], at, şahyr. Goşgy düzmegiň aruz ölçeginiň bir görnüşi. REMEZAN [iremeza:n], at. 1. Kamary aýlarynyň dokuzynjysy, oraza aýy. Remezan aýynda on tördi gije, Gözeller üýşerler, bir zyban kakar (Mollanepes). 2. Oglana dakylýan at. RENÇ [irenç], at. Biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda görülýän görgi, çekilýän jepa, azap. Näler çekdim biwepanyň renjini, Rakyplar emmesin lebiň gandyny ( Saýatly – Hemra ). RENÇLI [irenşli], syp. Jebirli, azaply; görgüli. Rençli iş. RENDE [irenne], at. Agaç ussasynyň agaç, tagta ýonmak, ýylmamak üçin ulanýan el guraly, sürgi. Ol agaç ýonulanda rendäni nähili tutmalydygyny öwredýärdi. RENDELEME [irenneleme], iş ady. Rendelemek ýagdaýy. RENDELEMEK [irennelemek], işl. Rende bilen ýonmak, ýylmamak, sürgülemek. RENDELENMEK [irennelenmek], işl. Rende bilen ýonulmak, ýylmanma, sürgülenmek. Rendelenip ýonulan agaç. RENDELEŞDIRMEK [irenneleşdirmek], işl. Rendeläp çykmak, sürgüläp çykmak, hemmesini rendelemek. Tagtalary rendeleşdirmek. RENDELEŞMEK [irenneleşmek], işl. 1. Rendelemäge kömek bermek. Agaç ussasyna tagta rendeleşmek. 2. Bilelikde rendelemek. Agaç ussalary gapy ýasaljak agaç-tagtalary rendeleşip durdular. RENDELETMEK [irenneletmek], işl. Rendelemek işini başga birine etdirmek; rendelemäge ýol bermek. Tagtalary maňa rendeletjekmi? RENDELEÝIŞ [irenneleýiş], iş ady. Rendelemek ýagdaýy. RENTGEN [rentge:n], at. 1. Şöhlelenmäniň ölçeg birligi. 2. Rentgen şöhleleri arkaly beden agzalaryny surata düşürýän enjam, gural, abzal. REŇBE-REŇ [ireňme-reň], syp. Dürli reňkde bolan, her hili reňkli. Baharda açylan reňbe-reň güller, Bir pasyl açylar, ýaza myhmandyr (Magtymguly). REŇBE-REŇLIK [ireňme-reňlik], at. Dürli reňklilik, her hili reňklilik, dürli reňkde bolmaklyk. Baýdaklaryň reňbe-reňligi älemgoşary ýadyňa salýar. REŇGI-ROÝ [ireňňi-ro:ý], at, k.d. Ýüzüň reňki. Ol seniň üçin reňgi-roýun saraldyp, sabyr-karardan aýryldy ( Görogly ). Hemra diýer, reňgi-roýum saraldy, Ýana-ýana bagrym başy kül boldy ( Saýatly – Hemra ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling