Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PYSSARMA, iş ady. Pyssarmak ýagdaýy.  PYSSARMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet380/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   376   377   378   379   380   381   382   383   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PYSSARMAiş ady. Pyssarmak ýagdaýy. 
PYSSARMAKişl. 1.Ýeli gitmek, ýeli boşamak. 
Maşynyň tigri pyssardy. 2. Bir zatdan basylyp 
ejizlemek, ruhdan düşmek, müzzermek. Mellegi gowy 
tanaýanlar bolsa onuň häzirki zemzen ýaly çişişiniň 
deşilen tulum ýaly pyssarjagyny gowy bilýärdiler (B. 
Kerbabaýew). 3gepl.d.Myssarmak. 
PYSSARMAKLYKiş ady. Pyssarmak ýagdaýy. 
PYSSARTMAK, işl. Bir zady pyssarar ýaly 
etmek. 
PYSSARYŞiş ady. Pyssarmak ýagdaýy. 
PYSSARYŞMAK, işl. Birnäçe zat pyssarmak. 
Gawunlar ýumşap pyssaryşypdyr. 
PYSSYLDAMA 
[pyssyllama], 
iş 
ady. 
Pyssyldamak ýagdaýy. 
PYSSYLDAMAK [pyssyllamak], işl. Pyssyldyly 
ses çykmak, pyssyldyly seslenmek. Ok hem tüpeňden 
çykan badyna unly halta degen ýaly bolup, 
pyssyldaýdy (

Edebiýat we sungat

). 
PYSSYLDATMAK 
[pyssyllatmak], 
işl. 
Pyssyldyly ses çykarmak. 
PYSSYLDAÝYŞ 
[pyssyllaýyş], 
iş 
ady. 
Pyssyldamak ýagdaýy. 
PYSSYLDY [pyssylly], at. Ýel berlende, ýel 
çykanda we ş.m. arkaly ýuwaşjadan çykýan sesiň 
ady. 
PYSSY-PYJURLYK 
[pyssy-puju:rluk], 
at. 
Agzalalyk döretmek bilen meşgullyk, gara ýüreklilik, 
ýaramazlyk. Näme, seniň edip ýören pyssy-
pyjurlygyňy il bilmeýämişmi? (

Edebiýat we 
sungat

). 
PYSYRDAMAiş ady. Pysyrdamak ýagdaýy. 
PYSYRDAMAK, işl. Guşjagaz çalt-çaltdan 
ganatlaryny kakanda pysyrdyly ses çykmak, 
pysyrdyly 
seslenmek, 
pysyr-pysyr 
etmek. 
Guşjagazyň-da çüňkünden tutup, aşak sallasaň, 
pysyrdaýar (A. Durdyýew).
PYSYRDAMAKLYK, iş ady. Pysyrdamak 
ýagdaýy. 
PYSYRDAŞMAK, işl. Birnäçe ýa-da köp guş 
pysyrdamak. 
Serçeler 
guma 
agynaşyp 
pysyrdaşýardylar. 
PYSYRDATMAK, işl. Ganatlaryny pysyrdyly 
seslendirmek. Çaga kepderiler uçup bilmän, 
ganatlaryny pysyrdadýardy. 
PYSYRDAÝYŞiş ady. Pysyrdamak ýagdaýy. 
PYSYRDY
at. 
Guşlaryň 
ganatynyň 
pysyrdamagyndan we ş.m. sebäpli çykýan sesiň ady. 
Guşlaryň pysyrdysy eşidilýär. 
PYSYR-PYSYR, s.ş.aňl.söz. Guşjagaz çalt-
çaltdan ganatlaryny kakanda çykýan sesler.  

Pysyr-pysyr etmek ser. Pysyrdamak.Çaga guş 
uçup bilmän, pysyr-pysyr etdi. 
PYŞBAGA [pyşba:ğa], at. Üstki çanagy 
güberçek, aşaky çanagy ýasy buýnuz gabykly, gysga 
aýakly süýreniji jandar. Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga, 
Pyşdyllap gider daga (Sanawaç). 
PYŞDYLat, gepl.d., ser. Pyşbaga 
PYŞDYLDAMAiş ady. Pyşdyldamak ýagdaýy. 
PYŞDYLDAMAK 
[pyşdyllamak], 
işl. 
Aýaklaryny ýuwaş basyp ýöremek. Aňyrdan elini 
arkasyna tutup, pyşdyldap gelen Näzik eje onuň 
edýän işlerini synlady (B. Öwezow).
PYŞDYLDAŞMAK [pyşdyllaşmak], işl. Birnäçe 
adam, at aýaklaryny ýuwaş basyp ýöremek. Öz 
maýdalyna pyşdyldaşyp gelýän ýabylar gumuň 
ýapysyna dyrmaşyp başlady (

Edebiýat we sungat

). 


215 
PYŞDYLDAÝYŞ 
[pyşdyllaýyş], 
iş 
ady. 
Pyşdyldamak ýagdaýy. 
PYŞDYLDY [pyşdylly], at. Aýaklary ýuwaş 
basylyp ýörelende çykýan sesiň we emele gelýän 
şekiliň ady. 
PYŞDYLÝAKA
at. 
Gartaşan 
adamlaryň 
köýnekleriniň ýakasynyň iki egniň üstünden 
açylyşynyň 
bir 
görnüşi. 
Ol 
içki 
syryny 
töweregindäkilere 
duýdurmazlyk 
niýeti 
bilen 
pyşdylýaka köýnegini ýelpedi (B. Kerbabaýew). 
PYŞGYRMA [pyşğyrma], iş ady. Pyşgyrmak 
ýagdaýy. 
PYŞGYRMAK 
[pyşğyrmak], 
işl. 
1
Sowuklanyňda we ş.m. ýagdaýda agyz boşlugyndan, 
burundan zarp bilen her hili nem gatyşykly howa 
çykarmak. Birden ol tarapdan hokranan atyň, 
pyşgyran düýäniň sesi eşidildi (B. Soltannyýazow). 2
gepl.d.Bir zat hakynda ýaňzytmak, aýtmak, diýmek. 
Mergen onuň sebäbini sorap durmady-da, ilki bilen 
onuň özüniň pyşgyraryna garaşdy (

Edebiýat we 
sungat

). 
PYŞGYRMAKLYK [pyşğyrmaklyk], iş ady. 
Pyşgyrmak ýagdaýy. 
PYŞGYRTMAK [pyşğyrtmak], işl. 1. Agyz 
boşlugyndan, burnundan zarp bilen her hili nem 
gatyşykly howa çykartmak. 2gepl.d.Bir zat hakynda 
ýaňzytdyrmak, aýtdyrmak, diýdirmek. 
PYŞGYRYŞ [pyşğyryş], iş ady. Pyşgyrmak 
ýagdaýy. 
PYŞGYRYŞMAK [pyşрyryşmak], işl. Birnäçe 
adam bilelikde pyşgyrmak. Üşediňizmi, baryňyz 
pyşgyryşyp otyrsyňyz? 
PYŞŞYKsyp., ser. Paşşyk.Burny pyşşyk adam. 
PYŞŞYLDAMA 
[pyşşyllama], 
iş 
ady. 
Pyşşyldamak ýagdaýy. 
PYŞŞYLDAMAK [pyşşyllamak], işl. Yzly-
yzyna paşşyldyly seslenmek. Agyr ýük astynda galan 
ýaly pyşşyldady. 
PYŞŞYLDATMAK [pyşşyllatmak], işl. Agyr 
dem alnanda, burnuňy hyşşyldatmak. 
PYŞŞYLDY [pyşşylly], at. Agyr dem alnanda 
çykýan hyşşyldyly sesiň ady. 
PYŞT, at. 1.Ata-baba nesli taýdan garyndaşlyk, 
arka, tohum-tiç. 2. Guzlaýan towugyň tohumy. 

Ýedi pyşdyna ýetmek tohum-tijine sögmek. 
PYŞYRDAMA,iş ady. Pysyrdamak ýagdaýy. 
PYŞYRDAMAK,işl. Örän ýuwaş gürlemek, 
pyşyr-pyşyr edip geplemek. Ol ýoldaşynyň gulagyna 
bir zatlar pyşyrdady. 
PYŞYRDAMAKLYK, iş ady. Pyşyrdamak 
ýagdaýy. 
PYŞYRDAŞMAK, işl. Biri bilen bile pyşyrdap 
gürleşmek. 
PYŞYRDATMAKişl. Pyşyrdyly ses çykarmak. 
PYŞYRDAÝYŞiş ady. Pyşyrdamak ýagdaýy. 
PYŞYRDY, at. Gaty ýuwaş geplenende çykýan 
sesiň ady. Göýä diýersiň çawuş çakýan ýaly, pyşyrdy 
bilen sözledi (B. Kerbabaýew). 
PYŞYR-PYŞYR, s.ş. aňl.söz. Gaty ýuwaş 
geplenende çykýan we eşidilýän sesler. Pyşyr-pyşyr 
edip oturma-da, eşitdirip gürläber
PYTs.ş.aňl.söz. Kiçiräk zat ýere gaçanda çykýan 
ses. Pyt edip ýere gaçan zat kiçijik gutyň ekenmi? 
PYTANAK, at. Käbir agaçlaryň şahalaryna 
çykýan ujy ýiti ösüntgi. 
PYTANAKLY, syp. Pytanak-pytanak bolup 
duran, pytanagy bar bolan. Pytanakly agaç. 
PYTDYLDAMAK [pytdyllamak], işl. 1. Pyt-pyt 
edip ýöremek (aýak bitip ugran çaga hakynda). 
Pytdyldap ýöremek. 2ser. Mytdyldamak
PYTDYLDY [pytdylly], at. Pytdyldap ýörelende 
çykýan aýak sesi. 
PYTDY-SYTDY,at. Bolgusyz, biderek gümmi-
sümmi, ugursyz gep, gürrüň. Pökgen oýan-buýan, 
pytdy-sytdy sebäpler görkezdi (A. Gowşudow). 
PYT-PYT, s.ş.aňl.söz. 1. Kiçiräk zatlar yzly-
yzyna ýere gaçanda çykýan sesler. Bir zatlaryň pyt-
pyt edip ýere gaçanyny aňdym. 2. Ýaňy aýak bitip 
ugran çagajyk aýagyny yzly-yzyna ýere basanda 
çykýan sesler. Çagajyk aýaklaryny pyt-pyt edip ýere 
basyp ýöräp ugrady
PYTLAMAK [pytylamak], işl. Kiçiräk bir zat 
pyt edip ýere gaçmak. Keçäň üstüne pytlap düşen zat 
näme?  
PYTRAMA 
[pytyrama],iş 
ady. 
Pytramak 
ýagdaýy. 
PYTRAMAK [pytyramak],işl. 1. Bitin zat ownuk 
böleklere bölünip dargamak. Ýekedaban bilen 
üstünden urlan daş bölegi pytrap gitdi. 2. Meňzeş 
zatlardan durýan tutuş zat bir täsir bilen seçelenip 
gitmak, ýaýrap gitmek. Düzüm monjugyň sapagy 
üzülip, monjuklaryň her haýsy bir ýere pytrap gitdi
3. Üýşüp duran adamlaryň her haýsy bir tarapa 
gitmek, dagamak. Çagalar ertir ýene gizlenpeçek 
oýnamaga ýygnanyşmagy wadalaşyp pytradylar. 
PYTRAMAKLYK 
[pytyramaklyk],iş 
ady. 
Pytramak ýagdaýy. 
PYTRAMAZLYK [pytyramazlyk], iş ady. 
Pytramak hereketi amala aşmazlyk (pytramak 
sözüniň 1, 2, 3 manylary boýunça).
PYTRAŇŇY [pytyraňňy], syp., at. 1. Her haýsy 
bir tarapa pytrap giden, ýaýrap ýatan, selçeň, 
dagynyk. 2. Dogan-garyndaş, ilen-çalan, tohum-tiç.
Onuň pytraňňysy köpdür, ýeke däldir. 
PYTRAŇŇYLYK [pytyraňňylyk],at. Pytraňňy 
ýagdaýda bolmaklyk, dagynyklyk, selçeňlik. 
PYTRAŞMAK [pytyraşmak],işl. Birnäçe zat, 
birtopar adam pytramak. Ýere gaçan salkymyň üzüm 
däneleri pytraşyp ýatyr. Çagalar pytraşyp gitdi. 
PYTRATMAK [pytyratmak], işl. Her haýsyny 
bir tarapa dagadyp goýbermek, ýaýratmak, 
seçelendirmek, dargatmak.
PYTRAÝYŞ [pytyraýyş] iş ady. Pytramak 
ýagdaýy. 
PYÝADA [pyýa:da], syp., hal. 1. Gatnaw 
serişdesiz barýan, ulagsyz. Zynhary eşegine-de 
münmän, pyýada ýola düşdi (

Edebiýat we sungat

). 
2. gepl.d. Erkek adam. Bu pyýadanyň beden 


216 
gurluşynda, hereketinde berklik, zähmetsöýerlik, 
çydamlylyk görnüp durdy (H. Derýaýew). 3. Küşdüň 
iň kiçi ähmiýetli çöpüniň ady. Ol oýnuň başynda 
pyýadasyny mugt berdi. 
PYÝADAKAZY [pyýa:daka:zy], at. Nika 
gyýlanda, gyz bilen ýigidiň nika razylygyny alýan 
adam, nika şaýady. Bellediler goşa pyýadakazy, Gitdi 
şolar gyzdan almaga sözi (B. Kerbabaýew).
PYÝADALAMAK [pyýa:dalamak], işl. Ulagdan 
peýdalanman, öz aýagyň bilen ýöremek. 
PYÝALA [pyýa:la], at. Käse. Bir pyýala suw. 
PYZDYRMAK [pyzzyrmak], işl. 1. El ýa-da 
aýak bilen pyzmaga mejbur etmek, pyzmagyny 
gazanmak; pyzmaga ýol bermek. 2. Birini işinden, 
wezipesinden aýyrtmak, kowdurmak. Seni işiňden 
pyzdyraryn 
PYZMAiş ady. Pyzmak ýagdaýy. 
PYZMAK, işl. 1. Bir zady ýatan ýerinden 
galdyrman, ýeriň ýüzi bilen itmek. Babaly eliniň tersi 
bilen kagyzy yzyna pyzdy (B.Kerbabaýew). 2göç.m. 
Işden boşatmak, işinden aýyrmak, kowmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   376   377   378   379   380   381   382   383   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling