Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet377/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   373   374   375   376   377   378   379   380   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PÜRRELETMEK 
[pürrölötmök], 
işl. 
1
Pürrelemek işini başga birine etdirmek. 2göç.m. Bir 
ýan ujundan ýok etdirmek, bir ýan ujundan 
gyrdyrmak, öldürtmek. 
PÜRRELEÝIŞ [pürrölöýüş], iş ady. Pürrelemek 
ýagdaýy. 
PÜRS,at. Gapdaldan çykan pudaklary aýrylyp 
ýylmanan uzyn agaç.
PÜRSLÜK [pürüslük], syp. Pürs etmek üçin 
niýetlenen, pürs eder ýaly. Pürslük agaç. 
PÜWDÜRILMEK 
[püwdürülmök], 
işl. 
Zogdurylyp batly akyp çykmak, zarply akyp 
başlamak. 
PÜWDÜRMEK [püwdürmök], işl. Zogduryp bat 
bilen akdyryp çykarmak. 
PYÇAK, at. Bir zat kesmek üçin metaldan 
ýasalan gezlik, sowuk ýarag. 

Pyçak arka azajyk, birneme, sähelçe aradaşlyk. 
Pyçak syrmak eli pyçakly howp salmak, öldürjek 
bolmak, pyçak gezemek. Pyçak ýalamak gepl.d. 
pyçaklamaga meýilli bolmak, pyçakly haýbat atmak. 
PYÇAKLAMAiş ady. Pyçaklamak ýagdaýy. 
PYÇAKLAMAK, işl. Bedene pyçak sokmak, 
pyçak urmak. 
PYÇAKLAMAKLYK, iş ady. Pyçaklamak 
ýagdaýy. 
PYÇAKLAMAZLYK, iş ady. Bedene pyçak 
sokmazlyk, pyçak urmazlyk. 
PYÇAKLANMAKişl. Bedene pyçak sokulmak, 
pyçak urulmak. 
PYÇAKLAŞMAKişl. Biri-birini pyçaklamak. 
PYÇAKLATMAK, işl. Pyçaklamaga mejbur 
etmek, pyçaklanmagyna mümkinçilik döretmek, ýol 
bermek. 
PYÇAKLAÝYŞiş. ady. Pyçaklamak ýagdaýy. 
PYGAMBER 
[py:ğammer] 
at. 
Allanyň 
buýruklaryny we habarlaryny ynsanlara ýetirýän 
şahs.

Pygamberler ýorgudy bolsun! 

düýş ýorýan 
adamyň ýorgudy çyn bolsun, hakykat bolsyn

diýen 
manyda aýdylýan dileg.  
PYGAMBERLIK 
[py:ğammerlik], 
at. 
Pygamberiň derejesi, pygamberiň ýagdaýy.
PYGAN [pyğa:n], at, kön.s.Ahy-nala, agy, 
yzlaşyk. Bilbil hüjüm eýlän howaly baglar, Bilbil 
senden geçer, pygan eglenmez (Magtymguly). 
PYGYL [pyğyl], at. Ýaramaz pikir, erbet niýet, 
ýaman päl. Onuň pygly gowy däl. 


213 
PYGYLLY [pyğylly], syp. Ýaramaz pikirli, erbet 
niýetli, ýaman pälli. Käbir bet pygylly adamlary paş 
etmeli (R. Allanazarow). 
PYKYRDAMAiş ady. Pykyrdamak ýagdaýy. 
PYKYRDAMAKişl. Pykyrdyly gülmek, pykyr-
pykyr etmek. Gelin-gyzlar pykyrdap güldüler. 
PYKYRDAŞMAK, işl. Birnäçe bolup pykyr-
pykyr etmek. Ýoldaşlary gülesleri gelmese-de, onuň 
göwni üçin pykyrdaşyp gülüşdiler (N. Pomma). 
PYKYRDAWUK [pykyrdowuk], syp. Pykyrdyly 
ses çykarmak häsiýeti bar bolan, pykyrdap duran. 
PYKYRDAÝYŞiş ady. Pykyrdamak ýagdaýy. 
PYKYRDY, at. Pykyr-pykyr edip gülnende 
çykýan sesiň ady. 
PYKYR-PYKYRs.ş.aňl.söz.Pykyrdap gülnende 
çykýan sesler. 

Pykyr-pykyr etmek ser. Pykyrdamak
PYLAN [pyla:n], Haýsydyr bir näbelli zady, 
wagty, orny aňladýan çalyşma. Pylan kişi. Pylan 
adam. Pylan zat. Pylan wagt. Pylan ýerde.  
PYLANÇA [pyla:nça], çal. Näçe? diýen soraga 
jogap bolýan sözleriň ýerine ulanylýan çalyşma. 
Pylança adam. Pylança wagt.  
PYLANKES [pyla:nkes], çal, ser. Pylany. Ertir 
pylankeslere, pylankeslere telefon etmeli (H. 
Ysmaýylow). 
PYLAN-PISMIDAN [pyla:n-pismida:n], çal., 
ser. Pylan. Pylan-pismidan diýip, halys bizar 
petegimi çykardyňyz (A. Nazarow). 

Pylan zat diýip bilmezlik biri, bir zat hakynda 
belli bir kesgitli zat aýtmazlyk, gowy ýa erbet diýip 
bilmezlik. Men onuň ogluna pylan zat diýip biljek 
däl. 
PYLANY [pyla:ny], çal. Adamyň adynyň ýerine 
ulanylýan söz, pylan adam. Pylany bilen ýoldaş 
boldum.  
PYLÇALMAK, işl Biri tarapyndan ýokaryk 
galdyrylyp, ýere urulmak. 
PYLÇAMAK, işl. Biriniň göwresini ýokaryk 
galdyryp, aýlap, ýeriň ýüzüne ýazmak, çalmak. Göreş 
tutýanlaryň biri beýlekisiniň aýagyny ýerden 
üzägede, pylçap goýberdi. 

Pylçap urmak ýere ýykmak, ýere ýazmak. 
Biriniň aty ürküp, üstünde oturan eýesini pylçap urdy 
(H. Derýaýew). 
PYLÇAMAKLYKiş ady. Pylçamak ýagdaýy. 
PYLÇATMAK, işl. Pylçamagyna ýol bermek, 
mümkinçilik döretmek. Göreşde ýykylan özüni 
garşydaşyna nädip pylçadandygyna düşünip bilmedi. 
PYLÇAÝYŞiş ady. Pylçamak ýagdaýy. 
PYNHAN [pynha:n], syp. Ogryn, gizlin, ýaşyryn; 
hiç kime duýdurman. Garawullar bir pynhan ýerde 
garap durdular (

Saýatly – Hemra

). Emma 
jülgelerniň içine girseň, Çagyrar özüniň iň pynhan 
öýne (K. Gurbannepesow).
PYNHANLYK [pynha:nlyk], at. Pynhan ýagdaý, 
gizlinlik, ogrynlyk, ýaşyrynlyk. 
PYNTYKat. Agaçlaryň ýaprak, çybyk çykarýan 
gözi. Pyntyga jan beren sähramyň ýeli (G. Ezizow). 
Alabaharyň mährine pyntyk ýaran daragtlaryň arasy 
bilen ýörediler (N. Jumaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   373   374   375   376   377   378   379   380   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling