Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
3 PREZIDENTIŇ PORTRETI 4 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde, Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! 5 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY 6 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY 7 ŞERTLI GYSGALTMALAR alkyş s. - alkyş sözi anat. - anatomiýa degişli adalga asman j. - asman jisimleri bagl. - baglaýjy balykç. - balykçylyga degişli sözler b.e. - biziň eýýamymyz çal. - çalyşma d. ý. - demir ýol adalgasy deňizç. - deňizçilik adalgasy derm. - dermanlyk adalgasy dil b. - dil bilimi adalgasy dipl. - diplomatik adalga dokm. - dokmaçylyk adalgasy durm. - durmuş ýagdaýy bilen bagly söz däp-dess. - däp-dessura degişli söz edeb. - edebiýat adalgasy ekeran. – ekerançylyk filos. - filosofiýa adalgasy fiz. - fizika degişli adalga ga - gektar geogr. - geografiýa adalgasy geol. – geologiýa adalgasy gepl.d. - gepleşik dili göd. s. - gödek söz göç. m. - göçme many giriş s. - giriş sözi gurl. - gurluşyk adalgasy haýwanat d. - haýwanat dünýäsine degişli sözler harb. - harby adalga hasap. - hasap işlerine degişli söz him. - himiýa adalgasy hukuk - hukuk adalgasy işl. - işlik kg - kilogram k.d. - kitap dili köm. s. - kömekçi söz kön. s. - könelişen söz küşt. - küştçülik adalgasy l. - litr lukmanç. - lukmançylyk m. - metr maliýe - maliýe işlerine degişli adalga maldarç. - maldarçylyk mat. - matematika adalgasy min. - mineral mukd. s. - mukdar san oba h. - oba hojalygyna degişli söz own. b. - ownuk bölek ösüml.d. - ösümlik dünýäsine degişli adalga s. - sahypa sazç. - sazçylyk adalgasy senetç. - senetçilige degişli söz ser. - serediň sözs. k.- sözsoňy kömekçi sport. - sport adalgasy s. ş. aňl. söz - ses we şekil aňladýan söz. sung. - sungat adalgasy syp. - sypat syýas. - syýasy adalga şahyr. - şahyrana söz t. - tom taryh. - taryhy söz teatr. - teatr adalgasy teh. - tehnika degişli söz tik. - tikinçilik ugrukd. - ugrukdyryjy söz üml. - ümlük we b. - we başgalar we ş. m. - we şuňa meňzeşler ykd. - ykdysadyýete degişli söz zergärç. s.- zergärçilige degişli sözler 8 TÜRKMEN ELIPBIÝI A a N n B b Ň ň Ç ç O o D d Ö ö E e P p Ä ä R r F f S s G g Ş ş H h T t I i U u J j Ü ü Ž ž W w K k Y y L l Ý ý M m Z z 9 K K, Türkmen elipbiýiniň on üçünji harpy. KA [ka:], Türkmen elipbiýiniň K harpynyň ady. KABARDIN [kabardi:n], at, ser. Kabardinler. KABARDINLER [kabardi:nler], at. Kabardin- Balkar awtonom respublikasynyň esasy ilatynyň bir bölegini düzýän halk. KABUL [kavu:l], Makul, boljak. Seniň aýdanyň kabul. Kabul bolsun sadaka, hudaýýoly berlende Alla kabul etsin diýen manyda aýdylýan hoşniýetli dileg. Kabul etmek 1) okuwa, işe we ş.m. almak, girizmek. Aman 6 ýaşdan mekdebe kabul edildi. 2) gulluk wezipesi boýunça gelmäge rugsat etmek. Ol sizi kabul edermi, edip bilmezmi, men ony aýdyp biljek däl (B. Seýtäkow). 3) köpçülik bolup ýa-da ýeke bolup bir maslahaty, pikiri makul tapmak, makullamak. 4) bir işiň jogapkärçiligini öz üstüňe almak, bir zady öz ygtyýaryňa geçirmek; bir zady birinden alyp ýerleşdirmek. Hepdäniň anna güni men nobatçylygy kabul etdim. Täze hasyly kabul etmäge ýerimiz kössüz taýýar ( Edebiýat we sungat ). 5) myhman we ş.m. garşylamak, hezzet-hormat etmek. Biziň şeýle kabul edişimiz ilkibada ony ýygrykdyran bolsa-da, soň derrew ýüzi açyldy (N. Saryhanow). 6) bir işi, çäräni gözden geçirmek, onuň ýerine ýetirilişini resmi ýagdaýda synlamak. Şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanyp geçirilen dabaraly ýörişi kabul etmek. 7) derman we ş.m. içmek, atmak, däri-dermanlary peýdalanmak. Derman kabul etmek. 8) düşünmek, özleşdirmek. KABULHANA [kavu:lha:na], at. Döwlet edaralaryna işi düşüp gelýän adamlaryň kabul edilýän ýeri. KABYLA [kavy:la], at. Tire, taýpa. KADA [ka:da], at. 1. Kanunlaşdyrylyp kabul edilen düzgün. Dürs ýazuw kadasy. 2. Bir zady karar esasynda tertibe salýan düzgün, ýörelge. Her bir zadyň öz kadasy bolmalydyr. 3. Ykrar edilen we endige öwrülen tertip-düzgün. Ulyny sylamak türkmende kada bolupdyr. 4. Belli bir ýagdaý, boluş, hal. Näme üçindir gojanyň ýagdaýy, özüni alyp barşy, belli bir kadada uzak durup bilmeýşi ony aladalandyryp başlapdy (B. Seýtäkow). 5. Kesgitlenen ölçeg. Özüňi bir kada alyp barmak, hemişe bir bolşuňy saklap ýörmek, üýtgäp durmazlyk, özüňi durnukly alyp barmak. Ol bir görseň-ä allanäme adamdyr, birdenem näme sebäpdendigini bilip bilmersiň, jykyrjygy tutup, özüni bir kada alyp baryp bilmän, dargursak adama öwrüler duruberer. KADA-KANUN [ka:da-ka:nu:n], at. 1. Döwlet tarapyndan belli bir maksat bilen çykarylýan kada hem kanun. Kada-kanun hemmelere degişli. 2.Ýörelge bolup giden däp-dessur, düzgün, tertip, ýörelge. KADALAŞDYRMAK [ka:dalaşdyrmak], işl. Belli bir tertibe salmak, belli bir düzgüne getirmek; düzgünleşdirmek, sazlamak. Emma ol bokurdagyny arassalan kişi bolup, bir-iki gezek ardyndy-da, sesini kadalaşdyrdy (B. Seýtäkow). KADALAŞDYRYLMAK [ka:dalaşdyrylmak], işl. Belli bir tertibe salynmak, belli düzgüne getirilmek. Häzir şol zatlaryň hemmesi kadalaşdyryldy (K. Berdiýew). KADALAŞMAK [ka:dalaşmak], işl. Belli bir tertibe girmek, kada laýyk bolmak, kadaly ýagdaýa gelmek. Ulaglaryň gatnawy kadalaşdy. KADALY [ka:daly], syp. 1. Tertipli, düzgünli, kada-kanuna dogry gelýän. 2. Belli bir wagt aralygynda yzygiderli, wagtly-wagtynda gaýtalanyp durýan, gabat gelýän, hereket edýän. KADALYLYK [ka:dalylyk], at. 1. Kada-kanuna laýyklyk, düzgün-tertibe baplyk. Gowaçalaryň ösüşiniň kadalylygy ony begendirdi. 2. Işiň, hereketiň ýagdaýynyň kadalygy, kadasynyň barlygy. KADASYZ [ka:dasyz], syp. Düzgünsiz, tertipsiz, kada laýyk däl, kadasy ýok, bikada. KADASYZLYK [ka:dasyzlyk], at. Kada laýyk bolmazlyk, kada laýyk dällik, kadasy ýokluk. KADMIÝ [ka:dmiý], at. Kümüşsöw-ak, ýumşak metal, himiki element. KADR [ka:dr] I, at. Düşürilen kinonyň, gepleşigiň, suratyň aýratyn bir bölek sahna şekili. KADR [ka:dr] II, at. Edaranyň, kärhananyň we guramanyň taýýarlykly esasy iş düzüm birligi. KAFEDRA [ka:fedra], at. 1. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň belli bir pudagy boýunça mugallymlar toparynyň ýygnanan ýeri, bölümi. Taryh kafedrasy. Türkmen dili kafedrasy. 2. Leksiýa bermek, çykyş etmek ýa-da söz sözlemek üçin münber. KAFEL [ka:fel], at. Bişirilen toýun palçygyndan ýüzi syrçalanyp taýýarlanylan ýere ýazmak, diwara ýelmemek we ş.m. üçin dürli görnüşdäki gurluşyk materialy. KAGYZ [ka:ğyz], at. 1. Agaçdan, gowaçadan, ýüpekden hem-de häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryň gazananlary esasynda we ş.m. zatlardan hat ýazmak, surat çekmek we beýleki işler üçin taýýarlanylýan dürli ölçegdäki material. Kepbäniň ortarasynda goşa ýassyk, syýa gap, galam, dört-bäş tagta kagyz ýatyrdy (G. Kulyýew). 2. göç m. Hat üsti bilen berlen habar, resminama, şeýle-de umuman golýazma. Ondan soň hem, ine, siziň gol çekmeli bolan şu kagyzyňyzda bu zatlaryň hemmesi ýazylgydy (B. Seýtäkow). Kagyz Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling