Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KAKYŞ, iş ady. Kakmak ýagdaýy.  KAKYŞDYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAKYŞ, iş ady. Kakmak ýagdaýy. 
KAKYŞDYRMAK, işl. 1. Bir ýanyndan, bir 
ujundan kakyp çykmak, yzly-yzyna kakmak. Bu 
jaýlaryň ýetmez ýerlerini bejerişdirdiler, çüýlerini 
kakyşdyrdylar (B. Seýtäkow). 2. Çaňyny, gumuny we 
ş.m. zatlary kakyp, silkip aýryşdyrmak. Ol bir 


12 
gapdalda ýatan telpegini alyp, kakyşdyryp, başyna 
atdy, aýak üstüne galdy (G. Kulyýew). 3. Kakyp, 
silkeläp gaçyrmak, düşürmek, kakyp çykmak. 4. 
Birnäçe zady gerip, asyp çykmak. Halyny diwara 
kakyşdyrmak. 
KAKYŞMAK, işl. 1. Kakmaga kömekleşmek. 
Gyzy ejesine keçe kakyşdy.Ol ýadan halyçy jorasyna 
darak kakyşdy. 2. Birden köp bolup bilelikde 
kakmak. Çagalar erik kakyşyp ýörler. Gyzlar keçe 
kakyşyp durlar. 
KALENDAR [kalenna:r], at. 1. Ýyl içindäki 
günleriň hasabyny ýöretmegiň usuly, ýyl hasaby (ser
Senenama). Milady (grigorian) kalendary. 2. Ýyl 
içindäki ähli günleriň sanawy görkezilen ýylnama, 
senenama ýa-da kitapça (her hili maglumatlar bilen 
birlikde). Ýyrtma kalendar. Stolüsti kalendar. 
KALIÝ [ka:liý], at. Kümüşsöw-ak reňkli tiz 
ereýän metal, himiki element. 
KALORIÝA [kalo:ryýa], at. 1. Ýylylyk 
mukdarynyň ölçeg birligi (adatça, kilokaloriýa 
ulanylýar). 2. Iýmitiň ýokumlylygyny kesgitleýän, 
şertlendirýän ölçeg birligi. 
KALP, at, şahyr. Ýürek; göwün.
KAMARat, k.d. 1. Aý. Sähra degresinde duran 
gül kamar, Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin! 
(Kemine). Şöhle salyp, älem üzre dolupsen, Kuýaşmy 
sen, kamarmy sen, näme sen! (Mollanepes). 2. Gyza 
dakylýan at. 

Kamar ýüzli ýüzi aý ýaly, owadan, görmegeý 
(gelin-gyz hakynda). Bolsun hassa janym ýoluňda 
gurban, Kamar ýüzli lälezarym, gaýt indi (Halk 
aýdymyndan).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling