Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAKMA, iş ady. 1. Kakmak ýagdaýy. 2. dokm. 
Tarada dessik bilen kakylyp dokalýan gyňaçlyk ýa-
da gulaçda gylyç bilen kakylyp dokalýan çuwallyk
mata önümi. Kakma çuwal. Kakma torba. Kakma 
gyňaç. 
KAKMAÇ, at. Ýukajyk kesilip dilnen et bölegi, 
şonuň ýaly-da onuň kakadylan, bişirilen görnüşi. 
Bular ýanyp duran oduň közlerini bir gapdalyna 
ýazyp, üstüne kakmaç atýardylar (A. Gowşudow). 

Kakmaç bolmak kösenip, gurap galmak, 
horlanmak.  
KAKMAÇLAMA 
[kakmaşlama], 
iş 
ady. 
Kakmaçlamak ýagdaýy. 
KAKMAÇLAMAK [kakmaşlamak], işl. Kakmaç 
etmek, kakmaç edip dilmek, böleklemek. Çopan 
galan etleri duzlaşdyryp kakmaçlady. 
KAKMAÇLAMAKLYK [kakmaşlamaklyk], iş 
ady. Kakmaçlamak ýagdaýy. 


11 
KAKMAÇLANMAK 
[kakmaşlanmak], 
işl. 
Kakmaç-kakmaç edilmek, böleklenmek. Çylka etler 
kakmaçlandy. 
KAKMAÇLATMAK 
[kakmaşlatmak], 
işl. 
Kakmaçlamak işini başga birine etdirmek, kakmaç-
kakmaç etdirip böldürmek, dildirmek. Etleri 
kakmaçlatmak.  
KAKMAÇLYK [kakmaşlyk], syp. Kakmaç üçin 
niýetlenen ýa-da kesilip alnan (çylka et hakynda).
Kakmaçlyk et aljak bolsaň, goýnuň buduny al. 
KAKMAKişl. 1. Bir zady:çüýi, gazygy, tebläni 
we ş.m. zatlary depesinden çekiç bilen urup, ýere 
çüýlemek, kakmak. Uly gurluşyklaryň ilkinji 
gazygyny kakmak. 2. Gapyny ýa penjiräni 
tyrkyldadyp, gelýändigini duýdurmak, aňlatmak, 
tarkyldatmak.Gapyny kakyp, içerik girdi. 3. Bir zady 
yzygiderli silkip, tozandan, çaňdan arassalamak. 
Palas kakmak. Keçe kakmak. Içeriniň düşeklerini 
kakmak. 4. Silkeläp, yralap, hasylyny, miwesini we 
ş.m. ýere gaçyrmak. Igde kakmak. Erik kakmak. 5. 
Bir zady tizlik bilen silkip, duýdurman çalt almak. 
Şol demde ýerdäki telpegini kakyp aldy-da, başyna 
geýdi (B. Seýtäkow). 6. Urmak, çalmak. Perman 
Tarhanyň egnine batly kakdy (G. Kulyýew). 7. Bir 
zady ikinji bir zadyň ýüzüne germek, ýüzünden 
asmak. Ol suraty diwara kakdy. 8. Bir zat başga bir 
zady ýa-da birini çala galtamak, başga bir zada ýa-da 
birine degmek. Maşyn kakmak. 9. Dokmanyň 
argajyny darak bilen urmak. Halyçylaryň kakýan 
daraklarynyň sesi bir topar at aýagynyň sesini 
ýadyňa salýar. 10. Sowuk urmak, sowuk urup 
süllertmek (ösümlik hakynda). Türkmen hasaby bilen 
indi basym mizanyň ýa hazanyň şemaly kakyp, 
ekinleriň sowuk uraryna garaşylýardy (N. 
Esenmyradow). 11. gepl.d.  Biriniň zadyny her hili 
ýol bilen almak, öz adyňa geçirmek, ogurlamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling