Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAKLAMAKLYK, iş ady. Kaklamak ýagdaýy. 
KAKLAMAZLYK, iş ady. Kaklamak işini 
etmezlik.
KAKLANMAK, işl. 1. Et pudarlanmak, ýukajyk 
dilnip, kesilip goýulmak. Soýlan goýnuň eti kaklandy 
we dürli naharlar taýýarlanmaga başlandy (A. 
Gowşudow). 2göç.m. Ýok edilmek, öldürilmek. 
KAKLAŞDYRMAK, işl. 1. Bir ýan ujundan 
kaklap çykmak, eti pudarlaşdyrmak, böleklere 
bölüşdirmek, bölek-bölek edişdirmek. Çoluk galan 
etleri kaklaşdyryp duzlaşdyrdy. 2. göç.m. Bir 
ýanyndan öldürip, soýup başlamak, ýok edip 
başlamak ( mal barada). 
KAKLAŞMAK, işl. 1. Kaklamaga kömekleşmek. 
Nahar bişirýänlere goýun etini kaklaşmak. 2
Bilelikde kaklamak.  Olar et kaklaşyp otyrlar. 
KAKLATMAK, işl. 1. Kaklamak işini başga 
birine etdirmek, eti ýukajyk edip dildirmek
bölekletmek. Goýnuň etini kaklatmak. 2. göç.m. Ýok 
etdirmek, öldürtmek. 
KAKLAÝYŞiş ady. Kaklamak ýagdaýy. 
KAKLYŞDYRMAK, işl. l. Bir zady ikinji bir 
zada degirmek, ýanaşyk goýmak, biri-birine 
galtaşdyrmak. Aýna geçen ýazdaky düýphalysyny töre 
düşäp, Artyk bilen gol kaklyşdyryp otyrdy (B. 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Biri-birine çala degirmek, 
biri-birini urdurmak, çakyşdyrmak. Maşynlary çala 
kaklyşdyrmak.
KAKLYŞMAK, işl. 1. Çala galtap geçmek, 
gyltyz degmek, kakyp, degip geçmek. Piliň ýüzi 
gapynyň ýokarky işigine degip, sapy özüne gyltyz 
kaklyşan ýigidi entetdi (B. Kerbabaýew). 2. 
Golaýlaşmak, ýakynlaşmak. Kaklyşsa garbap aljak. 

Göze kaklyşmak göze çala ilmek, daşyndan 
görüp galmak. Ol köpçüligiň içinde gözüme kaklyşdy.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling