Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KAKMAKLYK, iş ady. Kakmak ýagdaýy.  KAKMALAŞDYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet7/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KAKMAKLYK, iş ady. Kakmak ýagdaýy. 
KAKMALAŞDYRMAK, işl. 1. Eýlesine-
beýlesine seredip, kakyp düzetmek, bejermek. 
Sähelçe kakmalaşdyrsaň-a, pyçaga meňzäýse-de 
ahmal. 2. Etiň eýlesinden-beýlesinden kesip, çapyp, 
çylkasyny almak. Kakmalaşdyrsaň, kebaplyk et 
almak boljak. 
KAKNUS [kaknu:s], at. Göýä müň ýyl ýaşap, 
özüni oda ýakyp, küle öwrülýän mifiki guş; rowaýata 
görä şol külden geljekde kaknus guşuny döredýän
ýumurtga peýda bolýarmyş. 
KAK-SOK: kak-sok etmek 1) çalarak urmak, 
heder etdirmek üçin bir-iki gezek çalmak, kakmak. 
Ine, şu oturan inimiz kellesiniň gyzgynyna ýasawulyň 
üstüne topulyp, ony kak-sok eden boldy (B. 
Seýtäkow). 2) bir zadyň eýlesinden-beýlesinden 
azda-kände kesip, bölüp almak. Etiň eýlesinden-
beýlesinden kak-sok edip, bir naharlyk kesip aldy. 
KAK-SÖK, at. Kakyň we söküň umumy ady.

ak-sök etmek paçagy, çigidi aýrylandan soň 
dilim-dilim edilip, serlip, guradylyp, gawundan 
taýýarlanylýan azyk önümi we çigidi aýrylan 
gawun-garpyzyň goýalýança gaýnadylan lötüne 
gowrulan un hem künji goşulyp, tokgalanyp, 
taýýarlanylýan azyk önümi. Söki güne sermek. 
KAKUW, at, sazç. Eliň dutaryň kädisiniň 
üstünde aşak-ýokaryk edýän hereketi. 

Kakuw çemçeleri saza depgin (ritm) bermek 
üçin ýörite niýetlenen agaç çemçe. Kakuw 
çemçeleriniň sapy adaty çemçeleriňkiden gysga, 
kädisi bolsa süýnmegräk bolýar. 
KAKYLMAK, işl. 1. Gazyk, teble, çüý we ş.m. 
zatlar depesinden urlup, bir ýere çüýlenmek, 
kakylmak. Çüý kakyldy. 2. Miweli agaçlaryň miwesi 
silkilip, urlup gaçyrylmak. 3. Haly, keçe, kilim ýaly 
zatlar silkilip, tozany aýrylmak. Keçe kakylmak. 4
Içerdäkilere biriniň gelendigi bildirilmek, 
duýdurylmak üçin, köplenç, gapy çalaja urulmak, 
tyrkyldadylmak.  Gapy kakyldy. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling