Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
KANUNSYZLYK [ka:nu:nsuzluk], at. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
KANUNSYZLYK [ka:nu:nsuzluk], at. 1.
Kanunyň ýoklugy. 2. Kada-kanuna terslik, kanuna laýyk dällik, kanuny bozmaklyk, bikanunçylyk. KANUNY [ka:nu:ny], syp. Kanuna dogry gelýän, kanuna esaslanýan, kanuna daýanýan; hakyky, tüýs. Bu ýagdaýyň tebigydygyna, kanunydygyna hiç bir söz bolup bilmez ( Edebiýat we sungat ). KANUNYLYK [ka:nu:nuluk], at. Kanuna baplyk, kanuna laýyk gelijilik. Ýerine ýetirilen işleriň kanunylygy görnüp dur. KANY, çal., k.d. Hany? , nirede? diýen manyda ulanylan sorag çalyşmasy. KAŇKAMA, iş ady. Kaňkamak ýagdaýy, hereketi. KAŇKAMAK, işl. Biderek, işsiz-pişesiz entäp ýörmek, ykmak, belli bir maksatsyz ykmandalyk etmek. KAŇKAMAKLYK, iş ady. Kaňkamak ýagdaýy. KAŇKAMAZLYK, iş ady. Kaňkap ýörmezlik. KAŇKAŞMAK,işl. Birnäçe bolup bile kaňkamak. KAŇKATMAK,işl.Birini biderek, işsiz-pişesiz aýlap, ykdyryp ýörmek. KAŇKAÝYŞ, iş ady. Kaňkamak ýagdaýy. KAPAS, syp. 1. Dem almasy kyn, dymyk, petiş, howasy ýok.Tamyň kömür gatyşykly kapas howasy gapydan gireniňden burnuňa kükäp urýardy (G. Kulyýew). 2. at, göç.m. Bendilik; türme, zyndan. Kapas içre galyp, eýlerem nala, Andalybam, gülgüzarym ýok meniň (Kätibi). KAPASA, at. 1. Daşy gözenekli gap şekilinde ýasalan guş saklanýan ýer. Olar kapasadan ýaňyja sypan ýaly agaçdan-agaja, şahadan-şaha ganat kakyp, gürrüldeşip, wagtyhoşluk bilen bökjekleşýärler (G. Kulyýew). 2. Adam göwresiniň gapyrgalardan we onurgadan durýan süňk esasy. Döş kapasasy. KAPASLYK, at. Petişlik, dymyklyk. Howanyň kapaslygy, onuň dem almasyny kynlaşdyrýardy. KAPITAN [kapita:n], at. 1. Uly leýtenantdan soň berilýän serkerdelik derejesi. 2. Gäminiň serkerdesi, başlygy. Gäminiň kapitany. 3. Sportda bir toparyň ýolbaşçysy, baştutany. Futbolçylar toparynyň kapitany. KAPITANLYK [kapita:nlyk], at. Kapitan derejesi, kapitan bolmaklyk, kapitan bolup işlemeklik. Özüniň kapitanlyk derejesine çykarylanyny hem şonda eşitdi (A. Gowşudow). KAPRON [kapyro:n], at. Emeli süýümiň bir görnüşi, şeýle-de şol süýümden dokalan mata, işilip taýýarlanan sapaklar we öndürilen başga önümler. Kapron jorap. Kapron köýnek. Kapron sapak. KAPYR [ka:pyr], syp. 1. Yslam dinine uýýanlaryň dinsizlere we başga dine uýýanlara berýän ady; dini başga. Kapyra – musulmança (Atalar sözi). 2. Gazaply, ýowuz, rehim-şepagatsyz, ýagşylyk etmegi unudan. Sen-ä bir kapyr ekeniň, rehim-şepagatyň ýok. KAPYRLYK [ka:pyrlyk], at. Gazaplylyk, ýowuzlyk, rehim-şepagatsyzlyk. Beýle-de bir kapyrlyk bolarmy? 14 KAPYÝA [ka:pyýa], at, edeb. Şygyr setirleriniň soňundaky sözleriň sazlaşygy. Magtymguly kapyýa meselesine-de aýratyn üns beripdir ( Edebiýat we sungat ). Rubagy ýazylmaz kapyýa üçin. Gazetde bir gezek çapyýa üçin. Eger-de çyn bolsa rubagylygy – Ýürekde çap bolar bakyýa üçin (K. Gurbannepesow). KAPYÝALAŞDYRMAK [ka:pyýalaşdyrmak], işl. Goşgy setirlerini kapyýa getirmek, salmak, sazlaşdyrmak. Ol dörtlemäniň başdan üç setirini kapyýalaşdyrdy. KAPYÝALAŞMAK [ka:pyýalaşmak], işl. Goşgy setirleriniň ahyryndaky aýry-aýry sözleriň aýdylyşy taýdan biri-biri bilen sazlaşmagy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling