Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEÇE-KEÇE, at. Gizlenen zadyň kimdedigini 
bilmek üçin iki tarap bolup oýnalýan milli oýun, 
ýüzük bukdy, çeke-çeke oýny
KEÇE-KIZ [keçe-ki:z], atgepl. d.serKeçe we 
KizO zamanlar ýazynara keçe-kizem tapylmazdy
 KEÇELIK, syp. Keçe eder ýaly, keçe etmäge 
ýaraýan, bir keçä ýeterlik ýüň.Keçelik ýüň saýmak. 
 KEÇGERT [keçğert], at. Miweli agaçlaryň 
çybygy kesilýän orak. 
KEÇJAL [keçja:l / ketja:l], syp., ser. Keç 1. Käte 
küýli ýaly, duran bir laldyr, Ýeňsesin tüňňerder, gaty 
keçjaldyr (A. Kekilow).
KEÇJALLYK [keçja:llyk / ketja:llyk], at, ser. 
Keçlik. Sen şu häzir hem keçjallyk edip durmukaň 
diýýärin (H. Ysmaýylow). 
KEÇJE [keçje / ketje], syp. 1. Özdiýenli, öz 
ynanjyna gulluk edýän, köpçüligiň tersine gidýän 
keçjal adam. Aşyr şol oýlardan soň, öz niýetini 
bütinleýin keçje diýip düşündi (B. Kerbabaýew). 2
Keç, ters. 
KEÇJELIK [keçjelik / ketjelik], at. 1.Hötjetlik,
terslik, nädogrulyk, keçlik. 2ser. Keçjallyk
KEÇLIK [keşlik], at, ser. Keçjelik. 

Bu derýa 
meniň ölmeli ýerim boldy

diýip, pelegiň keçligine, 
bagtynyň şumlugyna ýanyr erdi (

Zöhre – Tahyr

). 
KEFAL [kefa:l], at. Ýasy kelleli, gerşi gara, daşy 
teňňeli, eti gylçyksyz ownuk deňiz balygy. 
KEJEBE [kejeve], at. 1. Gelin alnanda, gelni 
atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin 
niýetlenen gelinalyjy, atbaşçy maşyn. Kejebe maşyn 
geldi. 2. kön. s. Gelin alnanda, gelni atasy öýünden 
mündürip alyp gaýtmak üçin düýäniň howudynyň 
üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip gurnalan ýörite 
çadyr. Kejebäňi çekmäge ak maýa gerek (Halk 
aýdymyndan). Ýene bir günem akmaýaň üstünde ak 
kejebe gurap, gelnalyjy bilen atbaşçy geldi (N. 
Pomma). 3. kön.s. Töwerek-daşy arpa ýa-da bugdaý 
sypalyndan örülýän aşagy bekli, depesi ýapgyt odur-
budur, goş salynýan desga. 4. Köýnegiň ýakasyna, 
hala salynýan kejebe görnüşli nagyş. Ol köýneginiň 
ýakasyna kejebe nagşyny saldy. 5. gepl. d. Köplenç, 
üsti, töweregi ýapyk, içiniň meýdany giň bolmadyk 
orun, kabina. Maşynyň kejebesinde sürüji bilen ýene 
iki adam bardy. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling