KEBŞIRLEME
[kevşi:rleme],
iş
ady.
Kebşirlemek ýagdaýy.
KEBŞIRLEMEK [kevşi:rlemek], işl. 1. Şaý-
sepiň böleklerini, metallary biri-birine kebşir arkaly
seplemek, tutdurmak. Zergär gülýakanyň göbegini
kebşirledi. –Wyşkanyň kebşirlemeli ýeri bar
diýipdiňiz, goý, Küle şony bitirsin (N. Baýramow). 2.
göç. m. Jaýba-jaý goýmak;ýerbe-ýer aýtmak; ýerine
düşürmek, ýerini bilip sözlemek, timarlamak,
syntgylamak.
Şeýle köp märekeli ýygnakda
sözlemäge adatlanmany üçin, oňa aýtjak bolýan
zadyny kebşirlemek aňsat däldi (B. Kerbabaýew).
KEBŞIRLEMEKLIK [kevşi:rlemeklik], iş ady.
Kebşirlemek ýagdaýy.
KEBŞIRLEMEZLIK [kevşi:rlemezlik], iş ady.
Kebşirlemek işini ýerine ýetirmezlik.
KEBŞIRLENMEK [kevşi:rlenmek], işl. 1. Şaý-
sep bölekleri, metal bölekleri biri-birine kebşir arkaly
seplenmek. 2. göç.m. Iki zat biri-birine laýyk
getirilmek, gabat getirilmek. Bu iki derwezäniň
kebşirlenip gurluşy-da bir meňzeşdi (A. Gowşudow).
KEBŞIRLEŞMEK [kevşi:rleşmek], işl. 1.
Kebşirlemäge kömekleşmek. Ol apbasynyň gulpuny
kebşirleşdi. 2. Bilelikde kebşirlemek. Ussalar
turbalaryň sepini kebşirleşip otyrdylar.
KEBŞIRLETMEK
[kevşi:rletmek],
işl.
Kebşirlemek işini başga birine etdirmek. Gönjügiň
aralyk bezegini ussa kebşirletmek.
KEBŞIRLEÝIŞ
[kevşi:rleýiş],
iş
ady.
Kebşirlemek ýagdaýy.
KEBŞIRLEÝJI [kevşi:rleýji], at. Şaý-sepiň
böleklerini, metallary biri-birine sepleýji, tutduryjy,
birikdiriji. Tiz wagtdan kebşirleýjiler işe başladylar
(B. Pürliýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |