Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet23/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kelläňe turşy çykmak akylyň çaşmak, aňkaň aşmak, 
bilýän zadyňy derrew ýadyňdan çykarmak. Kelläň 
göçmek şowhun-şagalaňa göterilmek, bir zada 
keýpiň göterilmek.Hatda kelleleri göçen küştçüleri 
hem şol wehim dagatdy (A. Gowşudow). Kelläň 
gyzmak bir işe ýa-da bir zada gyzykmak, bar oý-
pikiriň bilen bir zada berilmek; bir zatda aşa gitmek. 
Biraz kellesi gyzandan soň, ol myhmanlaryny unutdy. 
Kelläňi etegiňe salmak bir iş üçin janyňdan geçmek, 
näme bolsa, şol bolsun etmek. 

Kelläň işlemek etjek 
işiňi gowy bilmek, ederiňi bilmek, her bir zada göz 
ýetirmek. 
KELLEBAŞAÝAK 
[kellevaşaýak], 
at.
Öldürilen malyň kellesi, aýaklary we ondan 
taýýarlanylýan naharyň ady. Bibisoltan eje hamyry 
ýugrup bolansoň, gazan ataryp, kellebaşaýagy asdy 
(H. Garabaýew). 
KELLEÇANAK 
[kelleça:nak], 
at. 
Oňurgalylarda kelläniň gaty esasyny emele getirýän 
süňkler. Kelleçanak süňkleri. 
KELLEGOÇAK [kelleğoçok], at. Gyňajyň 
gyrasyna salynýan iri, golçurlary uly nagyş, goçak. 
Kellegoçak nagşyny salmak. 
KELLEK, at. 1. Düýä taýlanyp urlan çuwallaryň 
ortasyna, howudyň üstüne goýulýan bogdak, serwer. 
2. Maldan boşadylan arabanyň arşynyň ýokary 
galdyrylyp goýulýan görnüşi. 
KELLEKESER, 
at. 
Adam 
öldürmekden 
gaýtmaýan, ganojak, jellat. 
KELLEKI I, at. Atyň, eşegiň kellesine salynýan 
gaýyş nogta. Ol atynyň kellesine kelleki saldy. 
KELLEKI II, at. Bir tarapy deşilip, içi gyrlan, 
gawun paçagyna dykylan kakyň tokga bölegi. Ol bäş 
kelleki kak etdi. 
KELLEKILEMEiş ady. Kellekilemek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling