Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KELPEZLIK, at, ser. Kelpeňlik


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet25/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KELPEZLIK, at, ser. Kelpeňlik. Aýjahan 
ilkibada onuň bu gylygyny kelpezlik hasap etdi (B. 
Gulow). 
KELTE, syp, gepl.d.. 1. Uzyn däl, ortaça 
ölçegden gysga. 2göç. m. Ýetmez, kemter, ýeterlik 
däl. Onuň akyly entek keltejik-de bolsa, özi örän 
düşbüdi (B. Kerbabaýew). 

Kelte bazar gepl.d. hepdäniň dördünji güni 
(sogapgün) bolýan kiçi bazar. Kelte gaýtmak bir işi 
ýetmez etmek, doly ýerine ýetirmän goýmak, bir 
zady doly anygyna ýetmän etmek, bärden gaýtmak. 
Ine, Meýdan aganyň kelte gaýdýan ýeri (T. 
Gurbanow).
KELTEKÇE, at, gepl. d. Ýüňli deriden edilen 
ýa-da içine pamyk salnyp syrdalan güpbi. 
KELTELDIŞMEK, işl., gepl. d. Bir zadyň 
boýuny gerekli derejä çenli gysgaltmaga kömek 
etmek. 
KELTELIK, at, gepl. d. Adaty uzynlygyndan, 
bolmalysyndan gysgalyk. Agajyň kelteligi. Turbanyň 
kelteligi. 

 Keltelik etmek bir işi oýlap, doly akyl ýetirmän 
etmek, bärden gaýtmak, çig etmek. Belki, men 
düşünýän däldirin, men keltelik edýändirin. 
KELTELIŞ, iş ady., gepl.d.  Keltelmek ýagdaýy. 
KELTELIŞMEK, işl., gepl.d. Öňküsine garanda 
keltelmek, gysgalmak 
KELTELME, iş ady., gepl. d. Keltelmek 
ýagdaýy. 
KELTELMEK, işl., gepl. d. 1. Belli bir derejede 
gysgalmak. 2. Uzynlygyny ýitirmek, girmek. Köýnek 
bir ýuwlandan soň keltelipdir. 
KELTELMEKLIK, iş ady., gepl. d.  Keltelmek 
ýagdaýy. 
KELTELMEZLIK, iş ady. gepl. d. Öňküsinden 
gysga bolmazlyk, gysgalmazlyk. 
KELTELTMEK, işl., gepl. d. Bir zadyň 
uzynlygyny kemeltmek, gysgaltmak, uzynlygyndan 
aýyrmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling