ýaramazlyk göwnüňden turmak, hoş ýakmak, gowy
görmek.Ol sözüni bölenini halamasa-da, oňa şol söz
kem ýaramady (B. Kerbabaýew).
KEMAKYL, syp. Akyly doly däl, gelip-
gitmeliräk, akyl-paýhasynda kemi, ýetmezi bolan.
KEMAKYLLYK, at. Kemakyl bolmaklyk.
Oglum, sen kemakyllyk etme!
KEMAKYLLYLYK, at, ser. Kemakyllyk. Men
ýaşlyk, kemakyllylyk edip, okuwymyň arasyny kesip,
uly ýalňyşlyk etdim.
KEMAL [kema:l], at. 1. Kämil, ýetişen. Kemlik
eýle, kemal bar, Menlik etme, zowal bar
(Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at.
Kemala gelmek 1) kämillik ýaşyna ýetmek,
ýetişmek, göze görünmek (gyz hakynda); ýigit
çykmak, jahyl çykmak (oglan hakynda). 2) hasyla
durmak, bişmek, ýetişmek. Kemala gelen hasyly
ýygnamaklyga ilkinji günlerden guramaçylykly
21
girişdiler. 3) ösmek, taplanmak. Kemala getirmek 1)
terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetiň abraýly, görnükli
adamsy, agzasy hataryna goşmak. 2) ýüze çykarmak,
döretmek. Kemal etmek kämillige ýetirmek, hasyl
etmek.
KEMALLY [kema:lly], syp. 1. Oňly, ugurly,
derekli, oňat. Pessaýlap ösýän şemal gök çöpleri
kemally gozgap bilmese-de, topalaklaryň, selmeleriň
başlaryny yralaýardy (B. Kerbabaýew). 2. Doly,
ýetik, emelli-başly. Bir ýar bergil etli-ganly, Dil
bilen, akly kemally (Magtymguly). Onuň belli işleýän
ýeri hem ýokdy, kemally bilýän zady hem ýokdy (H.
Ysmaýylow).
KEMALLYLYK [kema:llylyk], at. Ugurly-
dereklilik, oňlulyk, emelli-başlylyk.
KEMALSYZ
[kema:lsyz],
syp.
Ugursyz,
dereksiz, oňly däl, ugur-utgasyz.
Do'stlaringiz bilan baham: |