Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KELLEKILEMEK, işl. Ata, eşege kelleki 
salmak. Ol atyny kellekiledi-de, idip ugrady. 
KELLEKILEMEKLIK, iş ady. Kellekilemek 
ýagdaýy. 
KELLEKILENMEK, işl. At, eşek ýaly mallara 
kelleki salynmak, geýdirilmek. Atlar kellekilendi. 


20 
KELLEKILETMEK, işl. At, eşek ýaly mallara 
kelleki 
saldyrmak, 
geýdirtmek. 
Ol 
eşegini 
kellekiletdi. 
KELLELI, syp.1. Kellesi bar bolan. 2. göç.m. 
Paýhasly, aňly-düşünjeli, akylly. Ol kelleli ýigitdir. 
KELLELILIK, at. Paýhaslylyk, pähimlilik, 
aňly-düşünjelilik, akyllylyk. 
KELLEPOŞ [kellepo:ş], at, ýerli g. Kellä 
geýilýän zatlaryň umumy ady. 
KELLESIZ,syp. 1. Kellesi ýok, kellesi aýrylan. 
Kellesiz läş. 2. göç. m. Akyl-paýhassyz, pähimsiz, 
akylsyz. 
KELLESIZLIK,at. 
Akyl-paýhassyzlyk, 
pähimsizlik, akylsyzlyk. 
KELLIK, at. Kel bolmaklyk, keliň ýagdaýy. 
Kellik adamy görkden gaçyrýar. 
KELPEŇ, syp. Ýuwnuksyz, kilçik, çylkasyz, 
batnyksyz. Kelpeňe syr aýtsaň, içde ýatyrmaz, Syrda 
şolma, ýyrak eýle özüňni (Magtymguly). 
KELPEŇLEMEK, 
işl. 
Kelpeňlik 
etmek, 
kemakyllyk etmek, ýeňilkellelik, samsyklyk etmek. 
Ýeri, kelpeňläp durma-da, ugra! 
KELPEŇLIK, at. Ýuwnuksyzlyk, batnyksyzlyk, 
çylkasyzlyk, kelpezlik, ýeňilkellelik. Gulamaly han 
kelpeňlik bilen gomparyp, ýasama güldi (T. 
Taganow). 
KELPEZ, syp., ser. Kelpeň
KELPEZE, at, kön. s. Hažžyk. Bedasyl götermez 
bäş gün mesligi, Kelpezä ýutdurmaz aždar maslygy 
(Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling