23
Sen onuň bilen kemsiz dost bolsaň hem, sen näme
üçin oňa basalga bolaňok? (B. Kerbabaýew).
KEMSIZ-KÖSSÜZ [kemsiz-kö:ssüz],
syp. Hiç
kemsiz, kemi-kössi ýok, ýerbe-ýer.
Iş kemsiz-kössüz
ýerine ýetirilipdir.
KEMSIZ-KÖSSÜZLIK [kemsiz-kö:ssüzlük],
at.
Hiç
hili kemi bolmadyk, kemi-kössi ýokluk, ýerbe-
ýerlik.
Işiň kemsiz-kössüzligi onuň göwnünden turdy.
KEMŞERILMEK,
işl.
Dodaklaryňy
müňküldedip, aglajak-aglajak ýaly bolmak, kemiş-
kemiş etmek.
KEMŞERIŞ,
iş ady. Kemşermek ýagdaýy.
KEMŞERIŞMEK,
işl.
Birnäçe
bolup
kemşermek, dodaklaryňy aglajak-aglajak ýaly etmek.
Çagalar ejelerini görüp kemşerişdiler.
KEMŞERME,
iş ady. Kemşermek ýagdaýy.
KEMŞERMEK,
işl. Aglajak ýaly edip,
dodaklaryňy müňküldetmek, kemiş-kemiş etmek,
naýynjar aglamjyramak.
Birdenem kemşerip, maňa
seretdi (N. Baýramow).
KEMŞERMEKLIK,
iş
ady,
Kemşermek
ýagdaýy.
KEMŞERTMEK,
işl.
Dodaklaryňy
müňküldedip, aglajak-aglajak bolýan ýaly etmek.
Tä
aglap-aglap gam basan ýüregini gowzadýança,
bokurdagyny dolduryp, dodaklaryny kemşerdip, hiç
gepläp bilmändir (N. Pomma).
Do'stlaringiz bilan baham: