Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEPDERI, at. 1. Alkymy pökgeribräk duran, 
ýelegi dürli reňkli owadan guş. Asmanda uçup ýören 
bir kepderi, garynjanyň bu ýagdaýyny görüp,oňa 
rehimi inip, kömek etmekçi bolupdyr (

Türkmen halk 
ertekileri

). Eldeki kepderi. Ýabany kepderi.2. 
Parahatçylygyň nyşanyny görkezýän guş. 
KEPDIRIŞ, iş ady. Kepdirmek ýagdaýy. 
KEPDIRME, iş ady. Kepdirmek ýagdaýy ýa-da 
kepdirmezlik ýagdaýy. 
KEPDIRMEK, işl. Birneme çalykdyrmak, 
yzgaryny almak, ölüni, çygyny çekdirmek, kepetmek. 
Agşamky gury ýel bolsa ýeriň yzgaryny has hem 
kepdirdi (A. Gowşudow).  


24 
KEPDIRMEKLIK, iş ady. Kepdirmek ýagdaýy.
KEPDIRMEZLIK, işl.ady. Yzgaryny, ölüni, 
çygyny çalykdyrmazlyk, kepetmezlik. 

Gözüniň ýaşyny kepdirmezlik (kepetmezlik) 
hemişe aglamaga mejbur etmek, agladyp ýörmek, 
aglamjyrap ýormek.
KEPEK, at. Un elenende galýan ownuk däne 
gabyklary. Bu gapdaky näme-de bolsa, suwa gaýnan 
kepege meňzeş bir zatdy (A. Gowşudow). 
KEPEME, iş ady. Kepemek ýagdaýy. 
KEPEMEK, işl. 1. Azda-kände guramak, 
çalykmak, çygy, yzgary aýrylmak. Günüň aşagynda 
kepeýän gök ýorunjanyň bugy we bedäniň ýympyk ysy 
gatyşyp burnuňa urýardy (A. Gowşudow). 2. Yssy 
howada, köp işläp, gaty ylgap horlananyňda, 
gyzanyňda we ş.m.ýagdaýlarda suwsuzlykdan agzyň 
guramak katdyna ýetmek, tebsiremek, ganyň 
gatamak. Suwsuzlykdan göni ýanyp, agzy kepäp 
durdy. 
KEPEMEKLIK, iş ady. Kepemek ýagdaýy. 
KEPEN Iat, ser. Köpün. Adam iň soňky ýoluna 
ugradylanda dolanýan 12 metrlik biz mata. Talyby 
diýr, mähribanym, Kepen boldy geýen donum 
(Talyby). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling