Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KEPEN II, at.Hyrlynyň güllesini dolamak üçin  ulanylýan içýaga eýlenen biz, ýörite esgi. KEPENLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KEPEN II, at.Hyrlynyň güllesini dolamak üçin 
ulanylýan içýaga eýlenen biz, ýörite esgi.
KEPENLIK, syp. Kepen üçin niýetlenen, kepen 
bolar ýaly ýeterlik möçberdäki ak biz mata. Kepenlik 
biz. 
KEPEŞMEK, işl. Dura-bara çalykmak, kem-
kemden guramak, gurap başlamak. Ýoldaşym kepeşen 
dodaklaryny ýalaşdyrdy-da, agzyny şapbyldadyp, 
söze başlady (T. Gurbanow). 
KEPETMEK, işl. Suwsuzlykdan guramak 
katdyna ýetirmek, gaty suwsamak. Jokrap duran yssy 
gün bolsa dodagyny kepedip, aşgar ýaly ötüp, süýr 
depäňi deşäýjek bolýan ekeni (N. Pomma). 
KEPEÝIŞiş ady. Kepemek ýagdaýy. 
KEPGIR, at. Palawy agdarmak, et gowrulanda 
garmak üçin we beýleki naharlar bişirlende ulanylýan 
uzyn saply, el tutulýan ýeri agaçdan, kepjä görä 
tegelegräk ýa-da süýnmegräk deşik-deşik gural. 
Gyzyňy kepgiriň sesi eşidilýän ýere ber (Atalar sözi). 
KEPIL [kepi:l], at. 1. Şaýat, güwä. Onuň 
dogrulygyna biz kepil geçýäris (

Edebiýat we 
sungat

).2.  Biriniň ygtyýaryna bermek. 
KEPILLENDIRMEK [kepi:llennirmek], işl. Bir 
zada güwä geçmek, şaýatlyk etmek.
KEPILLIK [kepi:llik], at. 1. Bir zada şaýatlyk, 
güwälik. Meniň birje arzuwym bar, ol-da siz meniň 
üçin kepillik etseňiz diýýärin! (B. Gurbanow). 2
Biriniň ygtyýaryna bermek.Siz ol ikisini maňa 
kepillige beräýiň (B. Seýtäkow). 
KEPILNAMA [kepi:lna:ma]. at. Haýsy-da bolsa 
bir zada kepil geçýän resmi hat, resminama. 
KEPIR, at. Ýalpak süýji suwlarda ýaşaýan 
oňurgaly balyk. Tutýaryn men doky, kepir, köp balyk, 
Ýurdumyň baýlygy göge galsyn diýp (Ş. Borjakow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling