Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kese agaç 1) dokma ýüwürdilende daşyndan 
eriş aýlanýan iki sany kese agaç ýa-da demir. 2) 
hatabyň iki tarapyna berkidilýän we çemmer 
baglanýan agaç, ýanagaç. Kese çyzyk ýazuwda 
uzynja çyzyk görnüşinde goýulýan belgi (–). Kesede 
durmak bir işe garyşman-gatyşman, özüňi saklamak, 
gyrada durmak. Bu işde öz bähbidiniň bardygyna 
garamazdan, ol kesede durdy. Kesä çekmek aýdylan 
söze göni manysynda däl-de, erbet manysynda 
düşünmek. Aýsoltan ejesiniň pikirine keçje 
düşünmese-de, ony synap görmek üçin, onuň sözüni 
kesä çekdi (B. Kerbabaýew).
KESEJE, at.Eşegiň gaňňasy öňe süýşmezlik 
üçin, art aýaklarynyň ýokary başyna berkidilýän 
agaçjyk. Emma kesejeli gaňňa Çerkezi howatyrsyz, 
howpsuz ynjytman saklaýardy (B. Kerbabaýew). 

Ýüzüni eşegiň kesejesi ýaly etmek öýkeli 
şekilde ýüzüni sowmak. 
KESEK, at. Topragyň kiçiräk tokga bölegi. 
Çapar onuň gapdalyndaky ullakan kesegiň üstünde 
jaýlaşyp oturandan soň, oňa şeýle jogap berýär (B. 
Seýtäkow).

Kesek atmak birine şyltak atmak, ýamanlyk 
etmek. Rehimsiz zalymlar bagry daş bolar, Barar 
ýere kesek atyjy bolma (Magtymguly). Kesek ýeter 
aralyk zyňlan kesek ýeter ýaly aralyk, daşlyk; ýakyn 
aralyk. 
KESEKI, at. 1. Ýat, bigäne, nätanyş, del. Tagan 
sesini çykarman otyrdy, daşyndan göräýmäge ol 
keseki adam ýalydy (

Edebiýat we sungat

). 2
Özüňden başga biri, özge. Kesekiniň zadyna göz 
gyzdyrmak gabahatdyr. 
KESEKLEME, iş ady. Keseklemek ýagdaýy. 
KESEKLEMEK, işl. Birine ýa-da bir zada kesek 
atmak, kesek zyňmak, kesek salmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling