Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet44/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESELIGINE [keseliğne] hal. Keseleýin, 
ýanynlygyna, gytaklaýyn, gyýa. Bassyrmanyň gap 
bilinden keseligine togalak agaçlar goýlupdyr. 
KESELLEME, iş ady. Kesellemek ýagdaýy.
KESELLEMEK, işl. Kesel degmek, kesel 
ýolukmak,syrkawlamak, nähoşlamak, näsaglamak, .
KESELLEMEKLIK, iş ady. Kesellemek 
ýagdaýy.
KESELLEMEZLIK, iş ady. Kesel degmezlik, 
kesel ýolukmazlyk, kesele uçramazlyk. 
KESELLETMEK, işl. 1. Kesel ýokuşdyrmak, 
keselli etmek. Mör-möjek diýdi, ilki ota düşdi, soňam 
gowaça düşüp, onam keselletdi. 2. göç.m. Bir zat 
diýip, biriniň ýüregine düşmek, irizmek, bizar etmek, 
igletmek. Eden işim janyna ýaramady, iňňildäp, 
iňirdäp, halys keselletdi.  
KESELLEÝIŞ, iş ady. Kesellemek ýagdaýy. 
KESELLI, syp. Kesel ýolugan, näsaglan, syrkaw, 
hassa. Her bir kesellä gowy seretmeklik lukman üçin 
kanundyr. 
KESELLILIK, at. Keseli barlyk, keselli 
ýagdaýynda bolmaklyk, näsaglyk, hassalyk. Uzak 
kesellilik ony halys tapdan düşüripdi. 
KESEMEN: kesemen çörek çöregiň ep-esli 
bölegi, ýartydan azrak, uly döwüm çörek. Bir gezek 
men elim bir kesemen çörekli Nurulara ylgap gitdim 
(T. Gurbanow).
KESER, at. 1. Haly dokalanda her bir çitimden 
soň artyk ýüpi kesmek üçin gural. Artele baranymda 


28 
boş barmazlyk üçin, günortana çenli birnäçe keser 
ýasaýyn (A. Durdyýew). 2. Egdi. Ýiti keser. 

Keseri ýok bir iş edende başarjaňlygy ýok, 
emelsiz; geplände ýitiligi, ötgürligi ýok. Ol bir zat 
etmeli diýjek bolanda-da hynny-mynny edip dur, hiç 
keseri ýok 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling