Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESGIR [kesğir], syp. 1. Gaty ýiti, ýalaw ýaly, 
ötgür. Ol öz agtygyna mert adamlar, kesgir gylyçlar 
hakda gürrüň bererdi (B. Seýtäkow). 2. göç.m. Berk 
täsir edýän, ötgür, ýiti (söz hakynda). Kesgir sözli 
bolmak. 
KESGIRLIK [kesğirlik], at. 1. Ötgürlik, ýalaw 
ýalylyk, ýitilik. Gylyjyň kesgirligine haýran galdylar. 
2. göç. m. Ýitilik, täsirlilik. Ol öz sözüniň kesgirligine 
ynanýardy. 
KESGIT [kesğit], at. Anyk çözgüt, anyk netije. 
Ýalandygynyň, dogrudygynyň kesgidini bize goýuň. 
KESGITLEME [kesğitleme/kesği:tleme], 1. iş 
ady. Kesgitlemek ýagdaýy. 2. Bir waka, hadysa we 
ş.m. gysgaça berilýän takyk düşündiriş, gelnen netije; 
kada. 
KESGITLEMEK 
[kesğitlemek/kesği:tlemek], 
işl. 1. Bir zady anyklamak, takyklamak; netijä 
gelmek. 2. Çözmek, çözgüdini bermek, aýgydyny 
belli etmek. Iki sany möhüm işiň ykbalyny kesgitleýän 
mesele orta çykdy-da duruberdi, şonuň üçin-de 
maslahat uzaga çekdi. 
KESGITLEMEKLIK 
[kesğitlemeklik 

kesği:tle-meklik], iş ady. Kesgitlemek ýagdaýy. 
KESGITLENMEK 
[kesğitlenmek 

kesği:tlenmek], işl. Anyklanmak, takyklanmak, belli 
bir netijä gelinmek. 
KESGITLETMEK 
[kesğitletmek 

kesği:tletmek], işl. Başga birine anyklatmak, 
takyklatmak. Suwuň düzümini kesgitletmek. Nebitiň 
düzümini kesgitletmek. 
KESGITLEÝIŞ [kesğitleýiş / kesği:tleýiş], iş 
ady. Kesgitlemek ýagdaýy. 
KESGITLEÝJI [kesğitleýji / kesği:tleýji], syp.1. 
Bir zadyň mukdaryny, möçberini, düzümini we ş.m. 
anyklaýjy, takyklaýjy. 2. Esasy, çözüji, aýgytlaýjy. 
Ýygnagyň kesgitleýji karary. 
KESGITLI [kesğitli/ kesği:tli], syp. Anyk, açyk, 
belli: çürt-kesik, çürt-ýoluk, gutarnykly. Ol maňa 
kesgitli bir zat aýtmady. 
KESGITLILIK [kesğitlilik / kesği:tlilik], at. 
Anyklyk, açyklyk, aýgytlylyk, gutarnyklylyk. 
Sazanda soňky sözüni örän kesgitlilik bilen aýtdy-da, 
geýinmäge durdy we nirä ýör diýilse gidibermäge 
taýýar boldy-da, dutaryny ýeňillik bilen çalmaga 
oturdy (N. Saryhanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling