Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KESILMEKLIK, iş ady. Kesilmek ýagdaýy. . KESIM


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet48/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESILMEKLIKiş ady. Kesilmek ýagdaýy. .
KESIMat. 1. Bir zadyň bölegi, dilim. Bir kesim 
gawun. 2. mat. Göni çyzykda A we B iki nokadyň 
arasynda ýerleşip, şolary hem öz içine alýan 
nokatlaryň köplügi. 
KESIM-KESIMsyp. Birnäçe kesimden durýan, 
bölek-bölek, kesik-kesik, dilim-dilim. 
KESINDI [kesinni] Iat. 1. Bitewi zadyň kesilip 
aýrylan bölegi, gyrkyndy, gyýkyndy. Mata kesindisi. 
Demir kesindisi. 2. Tarada dokalan mata kesilenden 
soň galýan we syk dokaljak matanyň erşine ulamak 
üçin galyndy. Kesindiniň ujuna täze erşi uladylar we 
täze dokma ýüwürtdiler. 
KESINDI [kesinni]at. Ojakda ujy ýanyp duran 
agaç bölegi, ujy otly uly taýak. 
KESIP-BIÇMEK, işl. 1. Kesmek, biçmek. 2. 
göç.m. Bir zady ýerine ýetirmek üçin köp pikir 
etmek, anygyna ýetmek. 
KESIR I, syp. Diňe öz diýenini bilýän, kejeňek, 
il maslahatyny unamaýan, keçjal, kejir. Özüne göwni 
ýetýänje, kesirje bir oglan Myradyň gaňryşyna 
gaýdyp, onuň sözlerini ýaňsa alýar (B. Kerbabaýew). 
KESIR II, at, mat. Birlik sanyň böleklerinden 
emele gelýän san. 
KESIRLIK, at. Öz diýenini edijilik, kejeňeklik, 
il maslahatyna gitmezlik. 
KESIŞ, iş ady. Kesmek ýagdaýy. 
KESIŞDIRMEK, işl. Kesim-kesim edip çykmak, 
baryny kesip çykmak, bölek-bölek edişdirmek; 
dograşdyrmak. Ol aşhanada käşirleri kesişdirdi. 
KESIŞMEK, işl. 1. Kesmäge, kesip aýyrmaga, 
böleklemäge kömekleşmek. Agaç kesişmek. Pişme 
kesişmek. 2. Bilelikde kesmek. Ussalar agaç kesişip 
dur. 3. Biri-biriniň üstüni kesip geçmek, çatryk, 
atanak emele gelmek. Olar ýollaryň kesişýän ýerinde 
duşuşdylar. 
KES-KELLÄM [kes-kellä:m], syp. Düýpden, 
asla, bütinleýin, çürt-kesik. Gylyç bir ýana eňňit 
edenden soň, ony kes-kelläm gaýtaryp bolmaýany 
onuň gözüniň öňüne geldi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling