Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESME, 1. iş ady. Kesmek ýagdaýy. 2. at. 
Inçeden uzyn ýaprakly, süle görnüşli däneleýän 
ösümlik. 
KESMEK I, işl. 1. Bitewi zady ýiti ýarag bilen
bölüp almak, böleklemek. Çorek kesmek. 2
Gerekmejek çybyklary we ş.m. çyrpyp, çapyp 
aýyrmak, pudamak. Diňe düýn, ol tut kesip duran 
wagty gapdalyndaky ýol bilen geçip gidipdirler (A. 
Gowşudow). Üzüm kesmek. 3. gepl.d. Janly soýmak
(goýun-guzy we ş.m. hakynda). 4. Tene ýarag urup 
bejermek, operasiýa etmek. Köriçegäni kesmek. 5
Bir zady gyýmak, dilmek, ýaralamak. Onuň elini 
aýna kesipdir. 6. Zaýalamak, çüýretmek. Hapa degen 
tabak süýdi kesipdir. 7. Haýsydyr bir hereketi 
(gatnawy, gatnaşygy, baryş-gelşi, salamlaşmagy we 
ş.m.) bes etmek. Şondan soň Baba aga köp wagtlap 
Berdilere gelmesini kesdi (N. Esenmyradow). Ol biz 
bilen baryş-gelşini bireýýäm kesdiSoňky döwürde ol 
menden salamyny kesdi. 8. Haýsydyr bir zatdan 
mahrum etmek. Mallary otdan kesmek. Çörekden 
kesmek. 9. Dokap gutardym edip aýyrmak. Dokmany 
kesmek. 10. Bölmek, çäk goýmak, serhet çekmek. 11
Kesmek kömekçi işliginden öň baha, nyrh ýaly sözler 
gelip, düzümli işlikler ýasalýar: Baha kesmek 
bahasyny aýtmak, bahalamak; bahasyny bellemek. 
Nyrh kesmek 
nyrhyny bellemek, nyrhyny 
kesgitlemek.
KESMEK II, at. 1. Süýt, palaw we ş.m. 
bişirilende, gazanyň düýbünde galýan gatlak, ýanyk. 
Palawyň kesmegi. 2. Ýaranyň ýüzünde emele gelýän 
gaty gatlak. Ýaranyň kesmegini sypjyrmak. 
KESMEKLEMEK, işl. 1. Süýt, palaw we ş.m. 
bişirilende gazanyň düýbünde kesmek emele gelmek. 
Palaw bişirilen gazanyň düýbi kesmekläpdir. 2. 
Ýaranyň we ş.m. ýüzünde gaty gatlak, kesmek emele 
gelmek. Ýaraň basym gutulsa gerek, ýüzi 
kesmekläpdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling