Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KESERILMEK, işl. 1. Keserip, gyşaryp 
ýatmak. Ol keserilip, ýassygy tirsekledi. 2gepl. d. 
Öýkeli, kineli ýaly gyşarylmak. 
KESERME, iş ady. Kesermek ýagdaýy. 
KESERMEK, işl. 1. Kese ýatmak ýa-da 
durmak, kese görnüşde bolmak. Keserip ýatan gara 
daglar dumanlap görünýärdi (B. Gulow). 2. 
Gyşarmak, bir zady tirsekläp kese, ýanyn ýagdaýda 
ýatmak, süýnmek. Kuly öýlänler tamyň kölegesinde 
ýazylgy düşegiň üstünde keserip, tirsegini ýassyga 
diräp, Ogulbike bilen çaý içýärdi (A. Durdyýew).
KESERMEKLIK, iş ady. Kesermek ýagdaýy. 
KESERTMEK, işl. 1. Kese goýmak ýa-da kese 
ýatyrmak. Ol her toparyň öňüne geçip, ýabysyny 
keserdip durdy... (B. Kerbabaýew). 2. Bir ýana 
sowmak, kesä bakmak (ýüz hakynda). – Şu zatlara-
da düşünip, biraz pikir etmek gerek! – diýip, ýüzüni 
keserdip oturdy (H. Derýaýew). 

 Keserdip goýmak bir meseläni, sowaly biriniň 
öňünde anyk, göni goýmak.  
KESESINDEN [kesesinnen], hal. Ýanyndan däl-
de, ep-esli aradaşlykda, daşyndan, gapdalyndan. Men 
onuň bilen ýüzbe-ýüz bolan adam-a däl, bir mahallar 
kesesinden-ä bir görüpdim. 
KESEWI, [kesöwü], at. Tamdyrda, ojakda we 
ş.m. ýerlerde ot gorsalýan, ölçerilýän agaç ýa-da agaç 
saply demir. Tamdyryň goruny kesewi bilen biraz 
garyşdyran ejem birden dikeldi (H. Garabaýew).

 Kesewi ýaly inçeden uzyn hem gara (el, aýak 
hakynda). Kesewisi gögermek işi rowaçlanmak, 
bagty getirmek, arzuwy hasyl bolmak. 
KESGIÇ, [kesğiç], at. Demir we ş.m. kesmek 
üçin polat gural. 
KESGIN, [kesğin], syp. 1. Pert, çürt-ýoluk, 
gümmi-sümmüsiz, göni, gutarnykly. Mesele şeýle 
kesgin goýlupdy (A. Nazarow). Şirin kesgin jogap 
berdi (B. Pürliýew). 2. Çapgyn, içiňden geçip 
barýan, ýalap geçýän. Gündogardan kesgin sowuk 
şemal öwsüp başlady. 
KESGIN-KESGIN [kesğin-kesğin], syp. Biri-biri 
bilen sepleşip, kesişip, utgaşyp gidýän ýollar, 
baýyrlar, daglar we ş.m. Kesgin-kesgin ýoluň geçer 
(Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling